Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G7 ýazgarmasyndan soň, Orsýet Nawalnyý işinde "giň gerimli maglumat galplaşdyrmasynyň" ulanylýandygyny aýdýar


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

G7 ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 8-nji sentýabr güni giçlik Nawalnynyň "tassyk bolan zäherlenmesini" berk ýazgardylar we Orsýetiň bu "aýylganç" hüjümiň arkasynda duranlary tiz tapmagyny we jogapkärçilige çekmegini talap etdiler.


Moskwa Ýedilik toparyna (G7) girýän döwletleri zäherlenen kreml tankytçysy Alekseý Nawalnyý sebäpli sanksiýa girizmek üçin "giň gerimli dezinformasiýa kampaniýasynda" aýyplady.

44 ýaşyndaky oppozisiýa lideri we korrupsiýa garşy kampaniýa alyp barýan A.Nawalnyý geçen aý Sibirde näsaglandan soň Berlinde bejergi alýar, nemes lukmanlary onuň sowet usulyndaky harby nerw agenti bilen zäherlenendigini aýdýarlar.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatynda "German häkimiýetleriniň konstruktiw, ýagny gurujy däl çemelesşmesi astynda, Orsýete garşy "esassyz hüjüm edilýändigi" aýdylýar.

"Bu hadysanyň töweregindäki galmagala meçew bermek diňe güýçlenýär" we "esasy mesele A.Nawalnynyň saglygyna seretmek ýa-da onuň hassahana ýerleşdirilmeginiň hakyky sebäplerini ýüze çykarmak däl-de, eýsem, sanksiýa meýillerini gižželemek bolup görünýär" diýip, beýanatda aýdylýar.

Nemes hünärmenleri şu hepde synaglaryň Nawalnynyň "Nowiçok" toparyna degişli awy bilen zäherlenendigini görkezýändigini aýtdylar we bu ýagdaý Orsýetiň bu işi çalasyn derňemegi baradaky halkara çagyryşlaryna alyp geldi.

G7 ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 8-nji sentýabr güni giçlik Nawalnynyň "tassyk bolan zäherlenmesini" berk ýazgardylar we Orsýetiň bu "aýylganç" hüjümiň arkasynda duranlary tiz tapmagyny we jogapkärçilige çekmegini talap etdiler.

Ýedilik toparynyň beýanaty Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň bu hadysany "kast edip öldürmek synanyşygy" diýip atlandyran we rus hökümetini "doly derňew geçirmäge" çagyran güni çap boldy.

Senegat taýdan ösen esasy demokratik ýurtlaryň baş diplomatlary Orsýeti "bu aýylganç zäherlenme hüjüminiň arkasynda duran adamlary derhal derňemek we jogapkärçilige çekmek işinde doly aýdyňlygy üpjün etmäge" hem çagyrdylar.

Nawalnyý 20-nji awgustda, Orsýetdäki içerki uçuş wagtynda birden keselledi we birnäçe günden soň, aýalynyň haýyşy boýunça, saglyk bejergisini almagy üçin, Germaniýa ewakuasiýa edildi.

Ol 7-nji sentýabrda medisina huşsuzlygyndan özüne geldi we aýdylmagyna görä, dilden aýdylan zatlara jogap berýär, ýöne zäherlenmäniň uzak möhletli täsirleriniň nähili boljakdygy belli däl.

Rus häkimiýetleri zäherlenmäniň hiç bir subutnamasynyň tapylmandygyny aýdyp, jenaýat işini açmakdan ýüz öwürdiler.

Nawalnynyň Moskwa uçuşy wagtynda käselläp, Omsk şäherine gyssagly gonandan soň bejergi alan sebitiniň baş toksikology 8-nji sentýabrda Nawalnyý meselesinde "zäherlenmäniň ýekeje alamatynyň hem bolmandygyny" aýtdy.

Kreml Nawalnynyň toparynyň, onuň garyndaşlarynyň we zäherlenmäniň arkasynda rus häkimiýetleriniň durandygy barada aýdylýanlara ynanýanlaryň aýyplamalaryny üzül-kesil ret etdi.

Nawalnyý rus prezidenti Wladimir Putine garşy tutuş ýurt boýunça gurnalan nägilelik ýörişlerine ýolbaşçylyk etdi we mundan öň hem howply himiki hüjüme sezewar bolup, rus tussaghanasynda näsaglyk tapdy.

"Biz, Ýedilik toparyna girýän ýurtlaryň, Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Angliýanyň we Birleşen Ştatlaryň daşary işler ministrleri we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekili, Nawalnynyň tassyklanan zäherlenmesini mümkin bolan iň berk derejede ýazgarmak üçin birleşýäris" diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 8-nji sentýabrda ýaýradan bilelikdäki beýannamasynda aýdylýar.

G7 ýurtlarynyň ministrleri "Orsýetiň bu aýylganç zäherlenmäni düşündirmek baradaky halkara çagyryşlaryna nähili jogap berýändigine ýakyndan gözegçilik etjekdiklerini" hem nygtadylar.

"Himiki ýaraglaryň islendik ulanylmasy, islendik ýerde, islendik wagt, islendik adam tarapyndan islendik ýagdaýda ulanylmagy kabul ederliksizdir we şeýle ýaraglary ulanmagy gadagan edýän halkara kadalaryna ters gelýär" diýip, toparyň beýanatynda aýdylýar.

Ak tam geçen hepde Nawalnynyň zäherlenmegini "doly ýazgarylmaly iş" diýip häsiýetlendirdi we Waşingtonyň halkara jemgyýetçiligi bilen "Orsýetdäki günäkärleri jogapkärçilige çekmek" üçin işleýändigini aýtdy.

Soňky ýyllarda öldürilen ýa-da nyşana alnan kreml garşydaşlarynyň arasynda derňew žurnalisti Anna Politkowskaýa, Orsýetiň öňki howpsuzlyk işgäri Aleksandr Litwinenko, Orsýetiň öňki wise-premýeri we oppozisiýa lideri Boris Nemtsow, Orsýetiň öňki goşa agenti Sergeý Skripal dagynyň atlary agzalaýar.

Skripal we onuň gyzy Ýuliýa 2018-nji ýylda Angliýanyň Salisberi şäherinde "Nowiçok" bilen zäherlendi we iňlis derňewçileri bu işi rus howpsuzlyk edaralarynyň gurnandygyny öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG