Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýaragly güýçleri Hormuz bogazynyň golaýynda harby türgenleşiklere başlady


Habibollah Saýýari
Habibollah Saýýari

10-njy sentýabrda Eýranyň ýaragly güýçleri strategiki Hormuz bogazynyň golaýynda her ýyl geçirilýän üç günlük harby deňiz tälim-türgenleşigine başlady. Bu barada Eýranyň döwlet telewideniýesi habar berýär.

Habarda türgenleşiklere ýurduň deňiz, howa hem-de gury ýer güýçleriniň gatnaşýandygy we onda suwasty gämileriň hem pilotsyz uçarlaryň ulanylýandygy aýdylýar.

“Zolfaghar-99” diýlip atlandyrylýan ýyllyk tälim-türgenleşigiň komandiri admiral Habibollah Saýýari 9-njy sentýabrda eden çykyşynda munuň “daşary ýurt howplaryna we islendik çozuşa garşy durmak üçin taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagy” maksat edinýändigini aýtdy.

Eýranyň deňiz floty ähli operasiýalaryny Hormuz bogazynyň gündogar tarapynda ýerleşýän Oman aýlagynda amala aşyrýar. Bu bogazdan nebit söwdasynyň 20 göterimi geçýär.

Awgust aýynda Eýranyň deňiz floty Hormuz bogazynyň golaýyndaky Liberiýa baýdakly bir nebit tankeriniň bortuna münüp, ony gysga wagtlyk tussag etdi.

XS
SM
MD
LG