Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Beýanat: Türkmen ýuristiniň tussaglygy we deslapky tussaghanada saklanmagy resmileşdirildi


Illýustrasiýa suraty

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Balkanabat şäher prokuraturasynyň daşary ýurtlardaky aktiwistler bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilip tussag edilen ýuristiň tussaglygyny we deslapky tussaghanada saklanmagyny resmileşdirendigini habar berýärler.

Ýatlatsak, 5-nji sentýabr güni Balkanabat şäher polisiýasynyň Türkmenistanyň Nebitgaz ministrliginiň “Nebitdagnebit” bölüminiň ýuristi 48 ýaşly Pygamberdi Allaberdiýewi tussag edendigi barada beýanat ýaýradyldy. Bu beýanat Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa bilen Moskwadaky “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň ýolbaşçysy Witaliý Ponomarýew tarapyndan 7-nji sentýabrda ýaýradyldy.

“8-nji sentýabrda öýlän Allaberdiýew henizem tussaglaryň wagtlaýyn saklanýan ýerindedi. Ýöne habar berlişine göra, şäher prokuraturasy onuň tussaglygyny we deslapky tussaghanada saklanmagyny resmileşdirdi” diýlip, Begmedowa bilen Ponomarýewiň bilelikde ýaýradan soňky beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, onda Allaberdiýewiň Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 108-nji maddasyna (Saglyga bilkastlaýyn ortaça agyrlykdaky şikes ýetirendigi üçin) we 279-njy maddasyna (Bozgakçylyk) laýyklykda jenaýat işini amala aşyrmakda aýyplanýandygy hem bellenilýär. Wakanyň şaýady bu aýyplamany toslama diýip atlandyrýar.

5-nji sentýabr güni Allaberdiýew Balkanabadyň 211-nji kwartalynda ýerleşýän bir dükandan bir dosty bilen çykyp barýarka, onuň ýanyna bir ýaş ýigit duýdansyz gelip, dawa turuzyp başlaýar. Ol ýuristiň ýakasyndan tutýar. Wakanyň bolan ýerinde şol bada bir polisiýa işgäri peýda bolýar. Hüjümçi Allaberdiýewiň dawa-jenjele meçew berendigini aýdýar. Allaberdiýew polisiýa bölümine äkidilýär. Aradan 20 minut geçensoň, hüjümçi polisiýa bölüminde eli saragly täzeden peýda bolýar. Allaberdiýew polisiýa işgärlerine özüniň “prowokator” bilen hiç hili uruşmandygyny, şikeslenme barada lukmançylyk resminamalarynyň görkezilmegini soraýar. Ýöne muny ret edýärler.

“Aradan az wagt geçenden soň, polisiýa bölümine Aşgabatdan MHM-niň işgärleri barýar. Olar Allaberdiýewi daşary ýurtlardaky protest hereketiniň aktiwistleri bilen aragatnaşyk saklamakda aýyplaýar. Saklanan bu aýyplamalary ret etdi” diýip, beýanat aýdýar.

Ýuristiň tussag edilmegi türkmen aktiwistleriniň daşary ýurtlarda türkmen hökümetine, hususan-da prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy geçirýän protestleriniň ýygjamlaşýan wagtlaryna gabat gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG