Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda daşary ýurtlardaky aktiwistler bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilýän bir ýurist tussag edildi


Illýustrasiýa suraty

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistanda protest hereketleriniň ýaýramagynyň öňüni almak synanyşyklarynyň çäginde türkmen häkimiýetleriniň ýene bir raýaty tussag edendigini habar berýärler.

Türkmen Helsinki fondynyň başlygy Täjigül Begmedowa bilen Moskwadaky “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň ýolbaşçysy Witaliý Ponomarýewiň 7-nji sentýabrda bilelikde çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, 5-nji sentýabr güni Balkanabat şäheriniň polisiýasy Türkmenistanyň Nebitgaz ministrliginiň “Nebitdagnebit” bölüminiň ýuristi 48 ýaşly Pygamberdi Allaberdiýewi tussag etdi. Ol ilkibaşda “huligançylykda” aýyplandy.

Beýanat Allaberdiýewiň tussag edilmeginiň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) görkezmesi bilen ýerine ýetirilendiginiň mälim bolandygyny aýdýar.

Onda aýdylmagyna görä, MHM ýuristiň protest hereketiniň aktiwistleri bilen aragatnaşyk saklandygyny güman edýär.

5-nji sentýabr güni Allaberdiýew Balkanabadyň 211-nji kwartalynda ýerleşýän bir dükandan bir dosty bilen çykyp barýarka, onuň ýanyna bir ýaş ýigit duýdansyz gelip, dawa turuzyp başlaýar. Ol ýuristiň ýakasyndan tutýar. Wakanyň bolan ýerinde şol bada bir polisiýa işgäri peýda bolýar. Hüjümçi Allaberdiýewiň dawa-jenjele meçew berendigini aýdýar. Allaberdiýew polisiýa bölümine äkidilýär. Aradan 20 minut soň, hüjümçi polisiýa bölüminde eli saragly täzeden peýda bolýar. Allaberdiýew polisiýa işgärlerine özüniň “prowokator” bilen hiç hili uruşmandygyny, şikeslenme barada lukmançylyk resminamalarynyň görkezilmegini soraýar. Ýöne muny ret edýärler.

“Aradan az wagt geçenden soň, polisiýa bölümine Aşgabatdan MHM-niň işgärleri barýar. Olar Allaberdiýewi daşary ýurtlardaky protest hereketiniň aktiwistleri bilen aragatnaşyk saklamakda aýyplaýar. Saklanan bu aýyplamalary ret etdi” diýip, beýanat aýdýar.

Bir şaýadyň adam hukuklaryny goraýjy toparlara habar bermegine görä, ertesi güni 6-njy sentýabrda Allaberdiýewiň öýüniň daşy polisiýa işgärleri tarapyndan gabalýar.

Balkanabatda polisiýa tarapyndan saklanan 48 ýaşly ýurist Pygamberdi Allaberdiýew
Balkanabatda polisiýa tarapyndan saklanan 48 ýaşly ýurist Pygamberdi Allaberdiýew

Şeýle-de beýanat ýerli kanun goraýjy edaralardaky bir çeşmä salgylanyp, Allaberdiýewiň MHM-niň Aşgabatdaky edarasynyň görkezmesi bilen tussag edilendigini, oňa garşy gozgalan “huligançylyk” işiniň “terrorçylyk işine” öwrülendigini aýdýar.

“Çeşmäniň aýtmagyna görä, Allaberdiýewiň duşenbe güni (8-nji sentýabrda) paýtagta geçirilmegi meýilleşdirilýär” diýip, beýanat aýdýar.

48 ýaşly ýuristiň tussag edilmegi türkmen aktiwistleriniň daşary ýurtlarda türkmen hökümetine, hususan-da prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy geçirýän protestleriniň ýygjamlaşýan wagtlaryna gabat gelýär.

“Allaberdiýewiň tussag edilmegi, türkmen häkimiýetleriniň protestleriň has ýaýramagynyň öňüni almak üçin alyp barýan kampaniýalarynyň bir bölegidir” diýip, ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar 7-nji sentýabrda ýaýradan bilelikdäki beýanatynda aýtdy.

Ondan aýdylmagyna görä, 25-nji sentýabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek Halk Maslahatynyň öňýany Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary internet we telefon aragatnaşygyna gözegçiligi güýçlendirýär. “Dissidentlere basyş edilýändigi barada habarlar bar” diýip, beýanat aýdýar.

Daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýa wekilleri golaýda Türkmenistanda kabul ediljek täze konstitusion özgertmelere garşylyk bildirip, ABŞ-nyň dürli şäherlerinde protest geçirdiler. Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň öňünde, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynyň gabatlarynda we Birleşen Ştatlaryň Kongres binasynyň golaýynda geçirilen protestlerde türkmen aktiwistleri türkmen hökümetine, täze konstitusion üýtgetmelere öz nägileliklerini beýan etdiler we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipeden çekilmegine çagyryş etdiler.

Türkmen Helsinki fondunyň hem-de Moskwadaky “Memorial” merkeziniň bilelikdäki beýanatyndan mälim bolşuna görä, türkmen oppozisiýasy ýakyn wagtlarda ýurt içinde-de parahatçylykly protest çärelerini geçirmegi meýilleşdirýär.

Şeýle-de, beýanatda ýurt içinde oppozisiýanyň meýilleşdirýän protest çäreleriniň fonunda türkmen häkimiýetleriniň geçen hepde ýurduň beýleki regionlaryndan paýtagta polisiýa bölümlerini getirendigi aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG