Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça baş hünärmeni Trampyň koronawirus pozisiýasy bilen ylalaşmaýar


ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça baş hünärmeni Entoni Fauçi
ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça baş hünärmeni Entoni Fauçi

ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça baş hünärmeni Entoni Fauçi prezident Donald Trampyň ýurduň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde möhüm tapgyra geçendigi baradaky pikiri bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy.

"Men bu pikir bilen ylalaşyp biljek däl, sebäbi diýseň, siz eger-de ýaňy aýdanlaryňyza, ýagny statistika seretseňiz, ol alada döredýär" diýip, Fauçi 11-nji sentýabrda MSNBC telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Fauçi Trampyň koronawirus krizisine bolan optimistik garaýyşlaryna köplenç aç-açan garşylyk görkezýär. Prezident hem öz gezeginde Fauçiniň howsalaly duýduryşlaryny aç-açan sorag astyna alýar.

Entoni Fauçi ýurtda koronawirusdan ozalky ýagdaýa dolanyp barmazdan ozal Birleşen Ştatlaryň entek köp iş etmelidigini aýtdy.

"Eger-de siz COVID-19-dan ozal ýaşan kadaly şertlerimizi belli bir derejede ýatladýan ýagdaýa dolanyp gelmegiň gürrüňini edýän bolsaňyz, bu 2021-nji ýylda, hatda 2021-nji ýylyň aýagynda bolsa-da bolup biler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Fauçi Zähmet gününe bagyşlanan uzak dynç günlerinden soň ýurtda kesel ýokuşmalarynyň gaýtadan köpelmezligine umyt edýändigini aýtdy. Iýul aýynda bolan soňky uzyn dynç günlerinden soň ýurtda koronawirus keseli bilen näsaglanlar köpeldi.

Şeýle-de Fauçi, howa sowap, köp adam içerde galansoň, güýzde has köp adama kesel ýokuşmagynyň ähtimaldygyny duýdurdy.

Şu aralykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 11-nji sentýabrda, ABŞ-nyň we Ysraýylyň Kubanyň soňky minutlarda girizen düzedişlerine garşy çykmagyna garamazdan, pandemiýa garşy göreş kararyny sesleriň köplügi bilen tassyk etdi.

Bu düzediş ýurtlary birtaraplaýyn ykdysady, maliýe ýa-da söwda sanksiýalaryna garşy durmaga çagyrýar.

XS
SM
MD
LG