Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa “bikanun” lider Lukaşenkanyň gorkuzmak taktikalarynyň öz täsirini ýitirýändigini aýdýar


Belarusyň oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa
Belarusyň oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa

Belarusyň oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenkanyň gorkuzmak taktikalarynyň geçen aýdaky saýlawlaryň jedelli netijelerine garşy protest geçirýän onlarça müň adamy has-da gaýduwsyzlaşdyrýandygyny aýtdy. Saýlaw netijelerini Günbatar “galp” atlandyrypdy.

Belarus prezidenti Gara deňziň kenarynda ýerleşýän Soçi şäherinde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşýan mahaly, Tihanowskaýa 14-nji sentýabrda “Häzirki zaman” kanalyna beren interwýusynda Lukaşenkany ýurduň adyndan çykyş etmäge ygtyýarsyz “bikanun lider” atlandyrdy.

“Häzirki zaman” Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda ýöredýän rus dilli telekanalydyr.

Lukaşenka özüni altynjy möhlete wezipä getiren 9-njy awgust prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garşy geçirilýän ozal görlüp-eşidilmedik umumymilli protestleriň arasynda 26 ýyllyk dolandyryşynyň iň uly päsgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Belarus halky ses berişligiň onuň peýdasyna galplaşdyrylandygyny öňe sürüp, Lukaşenkany wezipeden çekilmäge hem-de azat we adalatly saýlawlary geçirmäge çagyrýar. 13-nji sentýabrda Belarusda saýlaw netijelerine garşy geçirilen ýörişlerde 800 töweregi demonstrant saklandy.

66 ýaşly belarus lideri parahatçylykly protestlere zorlukly tussag etmeler bilen hem-de saklanan adamlaryň käbirleriniň gynalýandyklary baradaky öňe sürmeler bilen jogap berdi.

Güýç görkezmek

Sesleriň 60-70 göterimini alandygyny öňe sürýän Tihanowskaýa 13-nji sentýabrdaky köpçülikleýin tussag etmeleriň Lukaşenkanyň ýurtda heniz hem ýagdaýlara gözegçilik edýändigini gepleşikleriň öňýany Kremle görkezmegi maksat edinýändigini aýtdy.

“Protest geçirilýän ýerlere örän köp polisiýa ibermek arkaly güýç görkezilmegi adamlar ýöriş geçirmez ýaly, olary gorkuzmak üçin gurnalan bolmagy mümkin. Ýöne munuň indi peýdasy ýok. Adamlaryň niýeti bar, adamlaryň häkimiýet bir elde jemlenmeýän täze Belarusda ýaşamaga hyjuwy bar. Şol sebäpden, adamlary saklap bolmaz. Polisiýa ýowuzlaşdygyça, has köp adam tussag edildigiçe, şonça-da adamlar has berk gaýtawul berer” diýip, saýlawlardan soň Litwa gaçyp baran Tihanowskaýa “Häzirki zamana” beren Skype interwýusynda aýtdy.

Belarusyň iň esasy ykdysady we strategik partnýory Russiýa tolgunyşygy ýakyndan synlaýar. Kreml planlaýjylary haçan-da 2014-nji ýylda Ukrainada köpçülik protestleri russiýaçy prezidentiň wezipeden çekilmegine getirende bolan wakalaryň gaýtalanmagyndan ägä bolýarlar.

Kremliň krizise potensial gatyşygynyň ähmiýetini görkezip, Lukaşenka saýlawdan bäri Putin bilen azyndan bäş gezek telefon söhbetdeşligini geçirdi. 14-nji sentýabrda rus we belarus liderleri saýlawlardan bäri ilkinji gezek ýüz-ýüze duşuşdy. Bu duşuşykda Russiýa tapdan düşen belarus liderine hemaýat hökmünde Minske 1,5 milliard dollar pul karz bermäge razy boldy.

Putin karz boýunça kän detal bermedi, ýöne ol goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýdyp, başga ugurlar bilen hem Lukaşenkany goldajakdygyny ýaňzytdy.

Tihanowskaýa “bikanun” Lukaşenka bilen gelnen islendik ylalaşygyň “kanuny agramynyň ýokdugyny” hem-de olara islendik täze ýolbaşçy tarapyndan täzeden garaljakdygyny aýtdy.

Günbatar polisiýanyň oppozisiýa protestçilerini ýowuz basyp ýatyrmagyny hem-de saýlawlary ýazgaryp, Lukaşenkany Moskwadan haraý gözlemäge iterdi.

Tihanowskaýa Putin bilen gepleşmegiň deregine Lukaşenkany oppozisiýa bilen gepleşik geçirmäge çagyrdy we inagurasiýa dabarasyny geçirmek boýunça islendik synanyşygyň “bikanundygyny” duýdurdy.

“Biz mydama-da dialog isledik. Meniň pikirimçe bu häzirki krizis üçin iň gowy çykalgadyr, diňe dialog. We hawa... geçişi, indiki täze saýlawlaryň parahatçylykly guramaçylygyny häzir häkimiýet atlandyrylýanlar bilen maslahatlaşmak zerurdyr” diýip, Tihanowskaýa aýtdy. Ol Utgaşdyryjy geňeşiň öz işine dowam edýändigini sözüne goşdy. Ýöne Geňeşiň birnäçe agzasy ýa ýurdy terk etmäge mejbur galdy, ýa-da polisiýa tarapyndan tussag edildi. Belarusyň içinde onuň ýeke-täk agzasy, Nobel baýragynyň ýeňijisi Swetlana Aleksiewiç erkinlikdedir.

“Meniň pikirimçe, jenap Putin biziň ýurdumyzda bolýan wakalary synlaýan garaşyjy synçy roluny saýlap aldy. Ol iki ýurduň dostlukly ýurtdygyna gowy düşünýär we hiç kim biziň aramyzda öňden gelýän gatnaşyklary bozmak islemeýär. Belarusyň geljekde adalatly saýlawlarda kanuny saýlanjak prezidentiniň hem Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga dowam etdirjekdigi aýdyňdyr. Biz Belarus üçin Russiýanyň rolunyň ägirt uludygyna düşünýäris, ýöne dialog arkaly her zady çözüp bolar” diýip, Tihanowskaýa sözüniň üstüni ýetirdi.

Tihanoskaýa Belarus oppozisiýanyň lideri boldy. Onuň 9-njy awgust prezidentlik saýlawlarynda Lukaşenka bilen bäsleşjek bolan adamsy Sýarheý saýlawlardan öň tussag edildi we heniz hem tussaglykda galýar, habar berilmegine görä, ol Minskiň etegindäki bir türmede saklanýar. Iňlis dilinde ökde gürleýän ozalky öý hojalykçy eje Tihanowskaýa adamsy tussag edilenden soň, onuň işini öz üstüne aldy.

Tihanowskaýa Lukaşenka hökümeti bilen nähilidir bir dialog ýola goýlan badyna, “halka golaý bolmak üçin” öz ýurduna dolanjakdygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG