Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropanyň uly şäherlerinde ikinji koronawirus tolkunyna garşy çäklendirme girizilýär


 London
London

Ýewropa döwletleriniň birnäçesi 18-nji sentýabrda iri şäherleriniň käbirinde koronawirus ýokuşmasynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin täze çäklendirmeleri yglan etdi, şu aralykda prezident Donald Tramp gelýän aprelde "her bir amerikaly üçin" ýeterlik COVID-19 sanjymynyň öndüriljekdigini aýtdy.

ABŞ-da koronawirus ýokuşmasyndan ölenleriň sany 200 müň töweregi bolansoň, Tramp sanjymyň döredilmegini ykdysadyýeti täzeden açmak we noýabr aýynda gaýtadan saýlanmak mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin möhüm çäre hasaplaýar.

Prezident häkimiýetleriň ilkinji sanjymy oktýabr aýyna çenli tassyklap biljekdigini öňe sürdi, ýöne saglyk resmileri bu gyssanmaçlygy sorag astyna alýarlar we sanjymyň şu ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýylyň başynda taýýar bolup biljekdigini aýdýarlar.

Bütin dünýäde 30 milliondan gowrak adama wirus ýokaşandygy tassyklandy we geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda ýüze çykaly bäri COVID-19 keselinden takmynan 950 müň adam öldi, ýöne hakyky sanlar has ýokary diýip hasaplanýar.

Bütindünýä saglyk guramasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdiri Maýkl Raýan 18-nji sentýabrda wirtual metbugat ýygnagynda dünýäde hepdede takmynan 2 million täze hadysanyň hasaba alynýandygyny, 40 müňden 50 müňe çenli adamyň bolsa ölýändigini aýtdy.

Ýewropada, demirgazykdaky Daniýadan we Islandiýadan günortadaky Gresiýa çenli ýurtlar käbir iri şäherlerinde, koronawirus ýokuşmalarynyň öňüni almak üçin, 18-nji sentýabrda täze çäklendirmeleri yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG