Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Şi Jinpingi tankyt eden telekeçini 18 ýyl azatlykdan mahrum etdi


Hytaýyň prezidenti Şi Jinping
Hytaýyň prezidenti Şi Jinping

Hytaý prezident Şi Jinpiniň tankytçysy, gozgalmaýan emläk magnaty Ren Zikiany korrupsiýa aýyplamalarynda 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Döwlet eýeçiligindäki gozgalmaýan emläk topary “Huaýuanyň” öňki başlygy Rene 4,2 million ýuan (618000 dollar) möçberinde jerime hem salyndy diýip, Pekiniň Ikinji orta kazyýeti 22-nji sentýabrda öz websaýtynda çap eden maglumatynda aýtdy.

Kazyýet Reni "korrupsiýada, parahorlukda, döwlet serişdelerini ogurlamakda we döwlet eýeçiligindäki firmanyň işgäri hökmünde ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda" günäli tapdy.

Şeýle-de, kazyýet Reniň öz “jenaýatlaryny” boýun alandygyny we hökümi kabul edendigini hem aýtdy.

Kommunistik partiýanyň öňki agzasy we “Huayuan Properties” kompaniýasynyň başlygy, 69 ýaşly Ren Hytaýyň ikinji güýçli lideri, wise-prezident Wang Kişan ýaly Kommunistik partiýanyň elitalary bilen gowy gatnaşykda boldy.

Şu ýylyň iýul aýynda Ren "çagalary bilen hiç hili päsgelçiliksiz baýlyk toplamakda" aýyplanyp, partiýadan çykaryldy.

Ren we onuň ogly hem-de kömekçisi Pekiniň koronawirus krizisine garşy göreşi bilen bagly tankydy makala çap edeninden soň, ýylyň başynda ýitirim bolupdy.

XS
SM
MD
LG