Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da COVID-19 keselinden ölen adamlaryň sany 200 müňe golaýlady


ABŞ-nyň Kaliforniýa ştaty. Illýustrasiýa suraty
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştaty. Illýustrasiýa suraty

22-nji sentýabrda Birleşen Ştatlarda, prezident Donald Tramp amerikalylar üçin iň erbet ýagdaýyň gutarandygyny we Ýewropanyň käbir böleklerinde wirusyň ikinji tolkunynyň bardygyny öňe sürenden bir gün soň, koronawirusdan ölen adamlaryň sany 200 müňe golaýlaýar.

ABŞ-da wirus sebäpli her gün ortaça 800 adam ölýär. Aprel aýynyň ortalarynda bu görkeziji 2800-den gowrak adama barabardy.

Pandemiýanyň ilkinji aýlarynda ABŞ-nyň saglyk ekspertleriniň köpüsi 200 müňe çenli amerikalynyň täze wirusdan öljekdigini çaklapdy.

John Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ABŞ-da bu wirusdan ölenleriň sany 199 müň 890 adama ýetdi. Bu san ABŞ-da her ýyl rak keselinden ölýän 600 müň adamyň üçden birini emele getirýär.

Geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda peýda bolan koronawirus dünýäde 31 milliondan gowrak adama ýokuşdy we 965 müňden gowrak adamy öldürdi.

XS
SM
MD
LG