Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 1 milliona golaýlady, ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça ýokary hünärmeni pandemiýa ýadawlygyna we koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin edilýän tagallalaryň gowşadylmagyna garşy duýduryş berdi.
ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň başlygy, doktor Entoni Fauçi 25-nji sentýabrda adamlara “munuň soňunyň bardygyny” ýatlatdy we olary ylmy-gözlegçiler sanjym döredýänçä biraz sabyr etmäge çagyrdy.
Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, koronawirus geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda döräp, dünýäde 32,4 million adama ýokuşdy we azyndan 985,000 adamy öldürdi.
Bu görkezijileriň ikisi hem örän ýokary hasaplanýar.
Bütindünýä saglyk guramasy 25-nji sentýabrda mümkin bolan sanjymyň henizem birnäçe aý daşda bolmagy sebäpli, pandemiýanyň öňüni almak üçin ýeterlik çäre görülmese, wirusdan ölenleriň sanynyň iki esse artyp, 2 milliona ýejekdigini ýa-da ondanam köp bolup biljekdigini aýtdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.