Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda getirmegini dowam etdirýär


Türkmen uçary. Bezeg suraty
Türkmen uçary. Bezeg suraty

"Türkmenhowaýollary" awiakompaniýasy 28-nji sentýabrda Belarusda galan türkmen raýatlaryny Türkmenistana alyp gaýtmak üçin çarter uçuşyny amala aşyrmagy planlaşdyrýar diýip, hökümete tarapdar “Türkmenportal” neşiri habar berýär.

Howa menziliniň maglumat gullugynyň habaryna görä, Minsk-Türkmenabat uçary Boeing 737-800 ýolagçy uçarynda amala aşyrylar.

Bu uçuş Türkmenistanyň hökümetiniň buýrugy bilen gurnaldy diýip, habarda bellenýär. Düzgüne görä, pandemiýa aladalary bilen baglylykda, daşary ýurtdan gelýän raýatlaryň ählisi iki hepdelik karantin astynda saklanar we soňra maşgalalaryna gowşar.

Türkmenistanyň hökümeti mundan öň, pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ozal yzyna dolanyp bilmedik türkmen raýatlaryny yzyna getirmek üçin Türkiýä, Orsýete, Belarusa we Hindistana çarter uçuşlaryny gurady.

Türkmenistanyň 120 raýaty Özbegistandan gury ýer ýollary arkaly öz watanyna gaýdyp geldi diýip, neşir ýazýar.

Habarda pandemiýa döwründe daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň sany, olaryň näçesiniň ýurda gelmegine kömek edilendigi anyklaşdyrylmaýar.

Daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary türkmen hökümetini, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryny we konsullyklaryny öz raýatlary hakynda alada etmezlikde we olar üçin goşmaça kynçylyk döretmekde tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG