Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlarda türkmenistanlylaryň geçirýän soňky mitingleri we sosial media


Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň gurnaýan mitinglerinde türkmen hökümetine garşy nägilelik beýan edilýär.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň gurnaýan mitinglerinde türkmen hökümetine garşy nägilelik beýan edilýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň türkmen hökümetine garşy geçirýän protest çäreleri hem-de olaryň guramaçylygynda sosial medianyň oýnaýan roly barada gürrüň edilýär.

Soňky bir aý töweregi wagt bäri daşary ýurtlarda, şol sanda Demirgazyk Kiprde we Türkiýede birnäçe türkmenistanlynyň gatnaşmagynda türkmen hökümetine garşy azyndan 4-5 gezek miting geçirildi. Mitinglerden düşürilen wideolardan mälim bolşuna görä, olara 10 adamdan 30 töweregi adama çenli demonstrantçy gatnaşýar.

Nägilelik

Görnüşinden, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda mitinglere gatnaşyjylar ýüzlerine maska dakýarlar, olaryň käbirleri kellelerine baş gap, gözlerine reňkli äýnek dakýar hem-de, esasan rus we türk dillerinde, şeýle-de, ýerli gelende, türkmen we iňlis dillerinde Türkmenistanda syýasatyň awtoritardygyny, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklara türkmen hökümetiniň günäkärdigini, onuň iş başarmaýandygyny, ýurtda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny, köplenç işsizlik sebäpli özleriniň ýurduny, ene-atalaryny, dogan-garyndaşlaryny we hatda kähalatlarda çagalaryny terk edip, eklenç gözleginde daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýä gaýtmaly bolýandyklaryny, mundan nägile bolýandyklaryny aýdyp, protest bildirýärler.

Miting wideolaryndan mälim bolşuna görä, olara gatnaşyjylar bu çärelere öňünden taýýarlykly gelýär. Olar mitingleriň dowamynda ellerinde hökümete garşy dürli şygarlar ýazylan plakatlary asmana göterýärler. ABŞ-da geçirilen 8-9 adamlyk mitingleriň birinde oňa gatnaşyjylar gök asmana tarap ak reňkli şarlary hem uçurdylar. Olaryň ählisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy nägilelik sözleri beýan edilýär.

Daşary ýurtlarda türkmenistanlylaryň geçirýän soňky mitingleri we sosial media
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Bu çykyşlaryň ählisi sosial ulgamlara goýlup, şol ýerden dessine giň tomaşaçy köpçüligine ýetirilýär. Görnüşinden, şeýle ýygnaklaryň guramaçalygynda-da sosial media örän wajyp rol oýnaýar.

Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlarda gurnalýan nägilelik mitingleri bilen bir hatarda, synçylar sosial mediada syýasatyň Türkmenistandaky wersiýasyna çapraz garaýyşly syýasy pikirleriň aç-açan beýan edilip başlanandygyny, belli bir derejede syýasy etikanyň çäginde milli debatyň kemala gelýändigini, halk bilen döwletiň arasynda tas üç onýyllygyň dowamynda çuňlaşan, hatda gasňak baglan umumymilli meseleleriň, kä ýarym, sosial mediada ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, bu ugurda jedelleriň, diskusiýalaryň, konstruktiw çekişmeleriň döreýändigini aýdýarlar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda biz daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň türkmen hökümetine garşy geçirýän protest çäreleri hem-de olaryň guramaçylygynda sosial medianyň oýnaýan roly barada gürrüň edýäris.

Türkmenistanda köpçülikleýin häsiýetde mundan ozal sosial mediadan, geçen tomus haçan-da ýurduň prezidentiniň aradan çykandygy barada ýaýran habarlaryň fonunda, bu habarlara garşy türkmen sahnasynyň tanalan wekilleriniň öňbaşçylygynda giňden peýdalanylypdy. Biz bu guramaçylyga-da sözümiziň ahyrynda degip geçeris.

Ykdysady kynçylyklar

Ýöne daşary ýurtlarda geçirilýän soňky mitingler we olar bilen bagly sosial mediada peýda bolýan işjeňlik, olaryň mazmunyndan mälim bolşuna görä, ýurtdaky ykdysady kynçylyklardan uç alýar. Galyberse-de, şeýle nägilelik çäreleri, ýek-ýarym ýurduň içinde-de bolup geçýär. Olarda-da esasan un we çörek ýetmezçiligi ýaly ykdysady meselelere nägilelik beýan edilýär.

Meselem, Azatlyk Radiosynyň habarçysy apreliň başynda Mary şäherinde onlarça aýal adamyň gatnaşmagynda protest çäresiniň geçirilendigini, oňa gatnaşanlaryň un ýetmezçiliginden şikaýat edendigini we protestden ynjalyksyz bolan ýerli häkimiýetleriň wakanyň bolan ýerine baryp, oňa gatnaşyjylaryň her haýsyna 2 kilogramdan un paýlandan soň, ýygnananlaryň dargaşandygyny habar berdi.

Dogrusy, soňky 3-4 aý daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar üçin-de, ýurduň içinde ýaşaýan adamlar üçin-de gowgaly geçen ýaly.

Pandemiýa

Hytaýdan uç alýan koronawirus keseliniň dünýä ýaýramagy bilen, häkimiýetleriň onuň öňüni almak tagallalarynyň çäginde ýanwar-fewral aýlaryndan soň, Türkmenistana amala aşyrylýan halkara uçar gatnawlary yzly-yzyna togtadyldy. Munuň netijesinde, Moskwa, Stambul, Deli ýaly iri şäherlerden ýurda dolanýan ençeme türkmenistanlylaryň öýe barýan ýollary petiklendi. Bular barada Azatlyk Radiosy habar beripdi.

Munuň yzýany, tutuş dünýäni aýasyna alan wirusyň tutaşyp, giňden dünýä ýaýrap başlamagy bilen, dünýäniň tas ähli ýurtlarynda diýen ýaly petiklenme çäreleri durmuşa geçirildi. Elbetde, bu çäreler her bir adamy, şol sanda islendik ýurtda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryna-da öz täsirini ýetirdi.

Dünýäde wirus howsalasy döräp, koronawirus epidemiýasy pandemiýa öwrülýän wagtlary ajy habar Stambuldan gelip gowuşdy. Martyň ortalarynda Türkiýede zähmet çekýän 55 töweregi türkmenistanly migrant koronawirusdan goranmak üçin, ýasama arakdan heläk boldular. Ol wagt serhetlerem ýapykdy, dünýäniň çar künjeginde wirus gorkusy höküm sürýärdi. Türkiýede jan beren türkmenistanlylar ýat ýurtda, Stambulyň bir mazarlygynda topraga tabşyryldy. Azatlygyň habarçylary bu hadysa bilen bagly türkmen prokurorlarynyň derňew üçin maýyň başynda Stambula sapar edendiklerini habar berdi, ýöne döwlet metbugaty asla dil ýarmady.

Apreliň başlarynda prezident Berdimuhamedow “pandemiýa sebäpli daşarda galan raýatlary goldamagyň möhümdigini” aýdyp, mediada çykyş eden-de bolsa, Stambulda bolan adam ýitgileri agzalmady. Bellemeli ýeri, olar baradaky habarlar we wideolar sosial mediada ýaýradyldy.

Harasat

Bu wakadan edil bir aý töweregi wagt soň, apreliň ahyrynda Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda güýçli tupan turdy. Azatlygyň sebitdäki habarçylary bu güýçli howa hadysasynyň netijesinde onlarça adamyň heläk bolandygyny, ýaşaýyş jaýlaryna agyr zyýan ýetendigini habar berdi. Hökümet resmileri we döwlet mediasy bu barada dymdy. Ýöne harasatdan wideolar we suratlar sosial media syzyp çykdy.

Bularyň üstesine, pandemiýa sebäpli serhetleriň ýapylmagynyň yzýany, ýurt içinde azyk harytlarynyň döwlet dükanlaryndaky gytçylygy has-da güýçlenip başlady. Bular barada-da azyk dükanlarynyň öňünde döreýän uzyn çörek, un ýa-da ýag nobatlary wagtal-wagtal sosial mediada peýda bolýar.

Global pandemiýanyň fonunda ýurduň gündogar sebitlerinde ýüze çykan harasat, galyberse-de ýurtda azyk üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän problemalar daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda, synçylaryň aýtmagyna görä, raýdaşlygy oýardy hem-de wirtual giňişlikde we real giňişlikde syýasy işjeňligi tutaşdyrdy. Ýöne bu işjeňlik doly tutaşdymy? Synçylaryň aýtmagyna görä, daşary ýurtlarda 2 milliona golaý türkmenistanlynyň ýaşaýandygy, ýöne geçirilýän mitinglere onlarça adamyň gatnaşýandygy nazarda tutulanda, heniz doly tutaşmady.

90-njy ýyllar

Şuňa meňzeş ýöne başgaça syýasy işjeňlik, türkmen aktiwistleriniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda ýurduň içinde, heniz sosial media ýaly wajyp gurallar ýok wagty, 90-njy ýyllaryň ortalarynda bolup geçdi.

Eýsem şol wagtky syýasy aktiwizm bilen häzirki syýasy işjeňligiň arasynda nähili meňzeşlikler ýa-da tapawutlar bar?

19-njy iýunda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bu barada şeýle diýdi:

“Bu ýerde gaty uly tapawudy görýän men, meňzeşligi welin, görüp bilemok diýsem hem boljak. 90-njy ýyllaryň, takyk aýdylanda, birinji ýarymynda biz “Agzybirlik” halk hereketini ýöredýärdik, resmi däl ýagdaýda. Şonuň üçin hem, özümize pikirdeş tapar ýaly, özümizi goldar ýaly adam gözläp, men Türkmenistanyň köp ýerlerine bardym. Şol döwürde bize raýdaşlyk bildiren adamlar boldy, bir topar ýerlerden – sowatly adamlar, düşünjeli adamlar, demokratiýany talap edýän adamlar. Şol adamlaryň men öýüne bardym, gitdik, ýoldaş boldular maňa. Ýöne şolary men jemläp bilmedim, hersiniň bir işi bar, bir aladasy bar” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.

Ýöne ol häzirki wagtda öz pikirlerini açyk beýan edip bilýän batyrgaý adamlaryň bardygyny we muňa hem guwanýandygyny hem-de haýran galýandygyny aýtdy:

“Ine, häzirki döwürde şolar ýaly adamlar gaty köpeldi. Bu meniň pikirimçe, gowy ýagdaý. Sebäbi, jemgyýet hökman oýanmaly, hökman öz haky üçin, öz hukugy üçin, özi alada etmeli. Eger onuň özi alada etmese, başga biriniň edýän aladasy olara ýeterlik bolanok. Ine, şeýle uly özgerişlik bar soňky döwürde. Men muňa hem guwanýan, hem haýran galýaryn” diýip, ýazyjy aýtdy.

Türkmenistanda 90-njy ýyllaryň birinji ýarymynda dörän syýasy aktiwlik bilen häzirki işjeňligiň arasyndaky uçurymy emele getirýän bir faktor bar – ol hem synçynyň sözlerine görä, sosial mediadyr:

“Soňky döwürde, hakykatdan-da, sosial media gaty güýçlendi, öň şeýle mümkinçilik ýokdy. Bu aýratynda-da soňky on ýylyň dowamynda güýçlenip başlady, ägirt uly mümkinçilikler emele geldi. Şunuň özi hem jemgyýet arasynda sosial medianyň ýaýramagyna, bütin dünýä boýunça habarlaryň çalt alyşylmagyna gaty uly ýardam etdi” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.

Sosial mediada tutuaşan beýleki protestler

Dünýä ýüzünde sosial medianyň köpçülikleýin protest çärelerine, ýygnanyşyklara we demonstrasiýalara ýetiren täsirini, meselem, 2013-nji ýylyň tomsunda Türkiýede bolup geçen “Gezi” protestlerinde, ýa-da 2011-nji ýylda tutaşyp, Demirgazyk Afrikany we Ýakyn Gündogary gurşap alan “arap baharynda” görmek mümkin. Şol demonstrasiýalarda protest çärelerine gatnaşan adamlar dürli heştegleriň töwereginde guramalaşdylar. Bu heştegleriň sosial mediada trend temalara öwrülmegi has köp adamyň olara üns bermegine, hatda media serişdeleriniň hem olara üns bermegine ýol açypdy. “Arap baharynda” ýa-da Türkiýedäki “Gezi” protestlerinde olary gurnaýjylar, ençeme syýasaty öwrenijiniň öz ylmy işlerinde tassyklamagyna görä, sosial mediadan döredijilikli peýdalanmagy başardylar. Olara gatnaşyjylaryň ýeri gelende sarkazm, ýeri gelende duzly tankyt, ýeri gelende gahar-gazap, ýeri gelende adamlaryň raýat pozisiýalaryny asuda we saldamly beýan etmekleri, prowokasiýalardan gaça durmak babatynda eden çagyryşlary we özlerine güýç edaralarynyň edýän basyşlaryny tutuş dünýä bolşy ýaly görkezip bilmekleri, gysgaça olaryň özlerini, hususan-da sosial media arkaly açyk beýan etmekleri bu protestleriň tutaşmagyna we giňden alawlap ýaýramagyna alyp geldi.

Syýasy etika

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda, sosial medianyň üsti bilen has giň köpçülige gol uzatmagy nazarlaýan syýasy toparlar, syýasy aktiwistler döreýär. Olar Telegram kanallarynyň üsti bilen, ýa-da özleriniň YouTube sahypalary arkaly öz meýilnamalaryny köpçülige ýetirýärler. Şolaryň biri hem 15-nji iýunda Azatlyk Radiosyna özi we syýasy maksatnamalary barada interwýu beren, şol bir wagtyň özünde türkmen giňişliginde peýda bolýan soňky syýasy işjeňlik boýunça özüniň gysga synyny hödürlän “Türkmenistanyň Demokratiki saýlawy” atly täze hereketiň lideri Myrat Gurbanowdyr.

Ol Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde awtoritar syýasata garşy ýöredilýän aktiwizmiň syýasy ahlagyň, syýasy medeniýetiň çäginde alnyp barylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi:

“Syýasy işjeňlik alnyp barlanda etika bolmaly, azajyk syýasy medeniýet bolmaly” diýip, maýyň başynda döredilen syýasy hereketiň ýolbaşçysy 15-nji iýunda Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.

Ol Türkmenistanda häkimiýet başyndaky syýasy režimiň daşary ýurtlarda örňeýän syýasy hereketlere aralaşýandygyna özüniň ynanýandygyny gürrüň berdi.

Demokratiki hereketiň lideri türkmeniň tire-taýpa jemgyýetçilik gatnaşyklarynda demokratiýanyň öňden gelýändigini nygtady.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda häzir demokratiýany gysmakda tankyt edilýän syýasy giňişlige “Türkmenistanyň Demokratik partiýasy” atly partiýa agalyk edýär.

Täze syýasy hereket türkmen režimine garşy işleşmek planyny hödürleýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:17:22 0:00

Sosial medianyň syýasy işjeňligi guramalaşdyrmakdaky roluna dolansak, 19-njy iýunda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda 90-njy ýyllaryň başlarynda Aşgabatda geçirilen syýasy mitingleriň guramaçylygyna gatnaşan ýazyjy Hudaýberdi Hally häzirki sosial medianyň hödürleýän mümkinçiliklerini şol ýyllarda geçirilen mitingleriň guramaçylygynda ulanylan gurallar bilen deňeşdirdi:

“Sosial medianyň şol hyzmatyny hem bellemek mümkin, meselem, 1991-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabatdaky Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda açyk miting geçirildi. Şol mitingi geçirmek üçin biz adamlara aýdyp çykmaly bolduk, baryp aýtmaly, ýa-da bir ýerden jaň etmeli, şeýdip adamlara ýekeme-ýeke habar ýetirmeli. Şondan soň, şol ýadygärligiň ýanynda, meniň pikirimçe, 50-60 adam jemlendi, hem açyk miting geçdi. Gaty oňat miting geçdi. GKÇP-niň yzýany. Indi, şolar ýaly habarlary ýüzugra bütin millete ýaýratmak mümkin. Häzirki medianyň şeýle gowy mümkinçilikleri bar” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.

Petikli torlar

Ýöne beýleki tarapdan, Türkmenistanda ýurduň içinde häkimiýetler, halkara hasabatlara görä, sosial ulgamlary petikli saklaýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň hökümeti ähli ulgamlarda sanly ulgama geçilýändigini, bu ugurda ýörite işlenilip düzülen ýörite Konsepsiýalaryň ýerine ýetirilýändigini aýdyp gelýär.

Eýsem, sosial medianyň Türkmenistanda petikli saklanmagy ýurtdaky umumy syýasy we jemgyýetçilik howa nähili täsir ýetirýär, olary petikli saklamak bilen haýsy mümkinçilikler elden giderilýär?

“Meniň pikirimçe, Türkmenistan sosial ulgamlaryň birnäçesini petiklemek bilen diňe özüne zyýan edýär. Sebäbi, Türkmenistan häzir dünýädäki metbugat azatlygy boýunça iň aşakda durýan, iň pesde durýan üç ýurduň biri bolup durýar. Bu Türkmenistanyň abraýyna däl. Onsoň hem, häzirki tehnologiýanyň ösüşinde YouTube-y ýa-da WhatsApp-y saklanyň bilen gelýän jemgyýetçilik habarlarynyň öňüni tutmak mümkin däl. Sebäbi adamlar başga ýollar bilen, başga usullar bilen şol maglumatlary almaga çalyşýarlar. Ikinji bir tarapdan Türkmenistanyň içinde bolup geçýän ýagdaýlar baradaky informasiýalar daşyna çykýar, ýurduň daşyna çykýar. Diýmek adamlar şol informasiýalary daşary çykarmagyň usullaryny bilýärler, şony öwrenýärler. Beýleki bir tarapdan, ýene tehniki ösüşe gelsek, sanly ýylyň içinde asla hiç bir zady ýaşyryp bolmazmyka diýip pikir edýärin, şol sosial ulgamlarda. Sebäbi häzirki ýokardan berilýän tolkunlar has kämilleşdirilýär, has ösýär” diýip, synçy aýtdy.

Ýöne, Türkmenistanda her näçe sosial ulgamlar petikli bolsa-da, gerek ýerinde olardan “guramaçylykly peýdalanylmagyna” rugsat berilýär.

Ýatlasak, geçen ýylyň tomsunda Türkmenistanyň prezidentiniň aradan çykandygy barada sosial mediada habarlar ýaýrady. Şonda bu habarlara sosial media arkaly göreşmek üçin türkmen sungat işgärleri “dur ýalan” atly kampaniýa girişipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG