Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzlar partiýa lideriniň garaşsyzlyk baradaky sözlerine garşy protest bildirýär


Bişkekdäki protest.
Bişkekdäki protest.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýüzlerçe adam öňki sowet respublikasynyň garaşsyzlygyna täzeden garamalydygyny öňe sürýän görnükli syýasatçynyň syzyp çykan wideosyndan soň nägilelik ýörişini gurady.

27-nji sentýabrda geçirilen demonstrasiýa Merkezi Aziýa döwletiniň 4-nji oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlaryna taýýarlyk görýän mahalynda boldy.

Syzdyrylan wideoýazgyda hökümete tarapdar “Birimdik” partiýasynyň lideri Marat Amankulow “garaşsyzlygyň 30 ýyllygy Gyrgyzystanyň yzyna, öýüne dolanmalydygyny görkezýär” diýýär.

Ol Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň, Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Gyrgyzystan ýaly ozalky sowet döwletlerini öz içine alýan birleşigiň bir-bitewi ýurda öwrülmelidigini aýtdy.

27-nji sentýabrdaky demonstrantlar saýlaw ýolbaşçylaryndan Amankulowyň we onuň partiýasynyň saýlawlara gatnaşmagyna gadaganlyk girizmeklerini talap etdiler.

Demonstrantlar milli baýdaklary galdyryp, "Gul bolma!" diýip gygyrdylar.

Amankulowyň bu sözleri şu ýylyň başynda rus syýasatçylary bilen bolan duşuşygynda aýdandygy aýdylýar.

Amankulow bu wideo sosial ulgamlarda giňden ýaýradylandan soň beren beýanatynda onuň syzdyrylmagyny “prowokasiýa” diýip häsiýetlendirdi we öz sözleriniň kontekstden aýrylandygyny we olaryň manysynyň ýoýlandygyny aýtdy.

“Garaşsyzlyk biziň halkymyzyň gazanan iň uly üstünligidir. Gyrgyzystanyň döwletliligini goramak we berkitmek her bir raýatyň mukaddes borjudyr” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG