Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NYT: Tramp 2016, 2017-nji ýyllarda girdejisinden 750 dollar salgyt töläpdir


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

"New-York Times" gazeti 27-nji sentýabrda çap eden derňew maglumatynda prezident Donald Trampyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan 2016-njy ýylda federal girdeji salgydy hökmünde bary-ýogy 750 dollar tölendigini habar berdi.

Trampyň 2017-nji ýylda hem şol mukdarda salgyt töländigi we ondan ozalky 10-15 ýylda federal girdeji salgydyny tölemändigi aýdylýar.

Gazetiň çap eden hasabatyndan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Tramp bu aýyplamalary “galp habarlar” diýip ret etdi. Ol näçeräk salgyt töländigini aýtmady, tersine, maglumatlary açyp bilmejekdigi baradaky öňki delillerini gaýtalap, salgyt deklarasiýalarynyň ABŞ-nyň salgyt gullugynyň (IRS) barlaglarynyň astyndadygyny aýtdy.

Tramp guramasynyň aklawçysy Alan Garten "New-York Times" gazetine beren interwýusynda “faktlaryň köpüsi nädogry bolup görünýär” diýdi. Tramp häzirki döwürde salgytlaryny köpçülige mälim etmeýän ýeke-täk prezident bolup, girdejilerini öwrenmek isleýänlere garşy sud arkaly göreşmäge çalyşdy.

Gazetiň habary Trampyň özüni watançy we üstünlikli milliarder telekeçisi hökmünde görkezmek boýunça döreden imijine ters gelýär.

XS
SM
MD
LG