Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda günäsi geçilen 800-den gowrak tussagyň arasynda üç özbegistanly azatlyga goýberildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsi geçilen 800-den gowrak tussagyň arasynda üç özbek bendisi azatlyga goýberildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly Türkmenistandaky habarçysy habar berýär.

"800-den gowrak tussag türmeden boşadyldy. Olaryň 3 sanysy daşary ýurtly, ýagny Özbegistan respublikasynyň raýatydyr. Olara COVID-19 testi geçirildi we soňra-da goýberildi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 29-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Geçen hepde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 815 bendiniň, şol sanda üç daşary ýurt raýatynyň günäsini geçdi. Döwlet baştutany bu baradaky karara 24-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

"Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň baş baýramynyň öňýanynda günäsini geçýäris... Asylly däbimize eýerip, iş kesilen 812 raýatymyzyň hem-de üç daşary ýurt raýatynyň... günäsini geçmek barada permana gol çekjek" diýip, Berdimuhamedow "Watan" habarlar gepleşiginde görkezilen maglumatda aýtdy.

Resmi habara görä, günä geçiş Türkmenistanyň “Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli” geçirilipdir.

Ýylyň dowamynda birnäçe gezek günä geçişi yglan etmek çäresi, prezident Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geçeli bäri ýylda birnäçe gezek baýramçylyklaryň öňüsyrasynda geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG