Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saklanmak barada halkara çagyryşlaryna garamazdan, jedelli Daglyk-Garabagyň üstündäki söweşler dowam edýär


Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň web-saýtynda çap edilen wideodan alnan surat. Wideoda azerbaýjan artilleriýasynyň Daglyk-Garabag sebitindäki ermeni separatistleriniň pozisiýalaryna tarap ok atylýandygy aýdylýar. 28-nji sentýabr.

Söweşleri bes etmek babatynda edilýän halkara çagyryşlaryň fonunda, jedelli Daglyk-Garabag regionynyň üstündäki söweşler tapgyr üçünji gün dowam edýän mahaly, Ermenistan we Azerbaýjan bir-birini agyr artilleriýa ulanmakda aýyplaýar.

29-njy sentýabrda Kawkaz sebitindäki iki döwletiň harby güýçleriniň arasyndaky soňky dartgynlylykda onlarça adamyň ölendigi habar berildi. Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni harbylarynyň Azerbaýjanyň Daşkesan sebitine hüjüm edendigini aýtdy, bu aýyplama Ýerewan tarapyndan "düýbünden ýalan" diýlip, ret edildi.

Daglyk-Garabagdaky çaknyşyklar sebitde 2016-njy ýyldan bäri görlen iň agyr söweş bolup, bu dünýä bazarlaryna nebit we gaz daşaýan gazgeçirijileriň koridory hasaplanýan Günorta Kawkaz sebitindäki durnuklylyk baradaky aladany gaýtadan güýçlendirdi.

“28-29-njy sentýabr gijesi tutuş front liniýasynda güýçli söweşler dowam etdi” diýlip, Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda ermeni we azerbaýjan güýçlerini bölýän Aragatnaşyk çyzygy diýilýäne salgylanyp aýdylýar.

Ermeni Goranmak ministrligi hem, "dürli depgindäki söweşleriň dowam edýändigini" mälim etdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň söweşleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 29-njy sentýabrda adatdan daşary gyssagly gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. Söweşler regional güýçleri, Russiýany we Türkiýäni çaknyşyga çekmek howpuny abandyrýar.

German kansleri Angela Merkeliň metbugat sekretaryna görä, Merkel Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde taraplary “ok atyşygy gyssagly bes etmäge we gepleşik stoluna dolanmaga” çagyrdy.

Steffan Seibert Merkeliň Azerbaýjan prezidenti Ilham Aliýew bilen 29-njy sentýabrda, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen 28-nji sentýabrda gepleşendigini habar berdi.

Bu Britaniýanyň we Kanadanyň daşary işler ministrleriniň Daglyk-Garabagdaky “giň gerimli harby herekete” alada bildirip, bilelikde beren beýanatynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Ilatly nokatlaryň oka tutulmagy hem-de parahat ilatyň adam ýitgileri baradaky habarlar çuňňur alada döredýär. Biz söweşleriň gyssagly bes edilmegine, ýaraşyk ylalaşygyna hormat goýulmagyna we asuda ilatyň goralmagyna çagyryş edýäris” diýip, Britaniýanyň daşary işler ministri Dominik Raab hem-de Kanadanyň daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan (Francois-Philippe Champagne) aýtdy.

Şeýle-de, Raab we Şampan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Minsk prosesiniň çägindeki gepleşiklere goldaw bildirdi.

BMG-niň baş sekretary Antonýu Guterriş gönüden-göni Ermenistanyň hem-de Azerbaýjanyň liderlerini söweşleri gyssagly bes etmäge çagyrdy.

Şeýle-de, Guterriş iki tarapy gepleşikleri gaýtadan dowam etdirmäge hem-de sebite ÝHHG gözegçileriniň täzeden ýerleşdirilmegini kabul etmäge çagyrdy.

Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy 28-nji sentýabrda ermeni hökümetiniň özlerinden Azerbaýjanyň asuda ilata edýän hüjümlerini, şeýle-de onuň Ermenistandaky we Daglyk-Garabagdaky ilatly nokatlara tarap harby hereketlerini bes etmegi babatynda oňa gyssagly görkezme berilmegini haýyş edendigini aýtdy.

Durnuksyz Günorta Kawkaz regionynda uzak wagtdan bäri dowam edýän konflikt 27-nji sentýabrda Azerbaýjanyň içindäki etniki ermeni separatist anklawasynda soňky dört ýylyň iň agyr söweşine öwrüldi.

Daglyk-Garabagyň separatistleri 28-nji sentýabrda giçlik soňky söweşlerde ýene 26 ermeni harby gullukçysynyň öldürilendigini habar berdi. Munuň bilen olaryň ýitgileriniň umumy sany 84 adama ýetdi.

Azerbaýjan asuda ilatdan azyndan dokuz adamyň öldürilendigini, 30 töweregi adamyň ýaralanandygyny aýtdy

Azerbaýjan güýçleriniň adam ýitgileri barada Ermenistanyň berýän habarlary Baku tarapyndan tassyklanylmady.

Daglyk-Garabag ermeni we azerbaýjan güýçleriniň arasyndaky Aragatnaşyk çyzygy diýilýäniň ugrunda yzygiderli serhet çaknyşyklaryny başdan geçirýär.

Ýöne soňky zorluk has güýçli çaknyşyk ýaly bolup görünýär. Ermeni we azerbaýjan resmileri soňky çaknyşyklary uruş häsiýetlendirýärler. Olar hüjümi başlatmakda birek-biregi günäkärleýärler.

27-nji sentýabrda Ermenistan we Daglyk-Garabag Azerbaýjanyň anklawa, şol sanda sebit paýtagty Stepanakerte eden hüjümlerine jogap diýip, harby kanun we doly mobilizasiýa yglan etdi.

Azerbaýjan muňa 28-nji sentýabrda bölekleýin harby mobilizasiýa yglan edip, gaýtawul berdi.

Söweşleriň ilkinji iki gününde taraplaryň ikisi-de dikuçarlary, pilotsyz uçarlary, tanklary we artilleriýa ulandy.

Ýerewan Ankarany “gönüden-göni ol ýerde bolmakda” we öz ýarany Bakuwy ýarag bilen, şol sanda dron bilen üpjün etmekde aýyplady. Muny Azerbaýjan ret edýär.

Geçen hepde Reuters habar gullugy Demirgazyk Siriýanyň Türkiýäniň gözegçiligindäki sebitlerinde türkler tarapyndan goldanýan toparlaryň hataryndan iki siriýaly gozgalaňçynyň özleriniň, Ankara bilen utgaşyklykda, ýardam üçin Azerbaýjana iberilýändigi barada aýdan sözlerini sitirledi.

Bu habary garaşsyz tassykladyp bolmady. Aliýewiň maslahatçysy Hikmat Hajiýew siriýaly söweşijileriň öz ýurduna ýardam berýändigini aýtmak manysyz diýdi.

Türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 28-nji sentýabrda Ermenistany sebiti “basyp almagy” derhal bes etmäge we çekilmäge çagyrdy. Ol parahatçylygy gazanmak üçin munuň ýeke-täk ýoldugyny aýtdy.

Russiýa-da gyssagly ýaraşyga çagyryş etdi. Moskwa Azerbaýjana-da, Ermenistana-da ýarag satýar, ýöne onuň Ermenistanda harby bazasy bar we ol bu strategiki hyzmatdaşlygy goldaýar.

Bu aralykda, Ukrainanyň Halkara howa ýollary Ýerewana nobatdaky uçar gatnawyny ýatyrdy.

Düýbi Kiýewde ýerleşýän kompaniýa öz beýanatynda Azerbaýjanyň we Ermenistanyň howa giňişliginde uçarlarynyň howpsuzlygy baradaky aladalar sebäpli 28-nji sentýabrda Ýerewana uçuşyny ýatyrandygyny aýtdy.

Awiakompaniýanyň 2-nji we 3-nji oktýabrda Kiýewden Ýerewana, 4-nji oktýabrda bolsa Kiýewden Bakuwa uçmagy meýilleşdirilýär. Kompaniýa bu gatnawlary amala aşyryp-aşyrmazlyk babatynda soňra karar alynjakdygyny mälim etdi.

Daglyk-Garabag konflikti Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen ýüze çykdy. Şonda bu sebit hem-de Azerbaýjanyň ýedi ýanaşyk etraby ermeni hemaýatyndaky separatistler tarapyndan ele geçirildi we olar 1988-1994-njy ýyllar aralygynda azyndan 30 müň adamyň ölümine ýüzlerçe müň adamyň öz ýaşaýan ýerinden göçmegine getiren çaknyşyklaryň arasynda garaşsyzlyk yglan etdiler.

1994-nji ýylda Russiýanyň dellalçylygynda gazanylan ynjyk ýaraşykdan bäri, sebit etniki ermeni güýçleriniň gözegçiligi astyndadyr. Azerbaýjan olaryň arasynda Ermenistanyň goşunlarynyň hem bardygyny aýdýar.

Sebitiň garaşsyzlyk talaby hiç bir ýurt tarapyndan ykrar edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG