Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jedelli Daglyk-Garabagyň üstünde ikinji gün agyr söweş barýar


Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň ýaýradan wideosyndan düşürilen surat. Azerbaýjan güýçleri Ermenistanyň howa hüjümlerinden goranyş ulgamyny hatardan çykarýar. Daglyk-Garabag, 27-nji sentýabr.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň ýaýradan wideosyndan düşürilen surat. Azerbaýjan güýçleri Ermenistanyň howa hüjümlerinden goranyş ulgamyny hatardan çykarýar. Daglyk-Garabag, 27-nji sentýabr.

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda jedelli Daglyk-Garabag regionynyň üstündäki güýçli söweşler halkara derejesinde edilýän saklanmak çagyryşlaryna garamazdan, çaknyşyklaryň ikinji güni,  28-nji sentýabrda ýene dowam etdirildi.

Onlarça adam ýitgileri, şol sanda asuda ilatdan ölen adamlar we ýüzlerçe ýaraly barada berilýän habarlaryň fonunda iki tarap hem agyr artilleriýa ulanmakda birek-biregi günäkärledi.

Durnuksyz Günorta Kawkaz regionynda uzak wagtdan bäri dowam edýän dartgynlylyk 27-nji sentýabrda soňky dört ýylyň iň agyr söweşine öwrüldi we häzirki wagtda dowam edýän söweşler regional güýçleri, Russiýany we Türkiýäni çaknyşyga çekmek howpuny abandyrýar.

Baku söweşler başlanaly bäri, asuda ilatdan jemi alty azerbaýjan raýatynyň, şol sanda bir maşgalanyň bäş agzasynyň öldürilendigini we 19 adamyň ýaralanandygyny aýdýar. 28-nji sentýabrda Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew ýurtda bölekleýin harby mobilizasiýa yglan etdi.

Azerbaýjanyň içindäki ermeni separatist anklawy bolan Daglyk-Garabagyň häkimiýetleri 28-nji sentýabrda azerbaýjan güýçleri bilen bolan çaknyşykda jemi 32 söweşijiniň öldürilendigini habar berdiler.

Olar Azerbaýjan özüniň howa we artilleriýa hüjümleri diýip, häsiýetlendiren hüjümlerine girişeli bäri, 100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi beren beýanatynda "güýçli söweş bir gije dowam etdi" diýdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 28-nji sentýabrda beren beýanatynda "Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň Daglyk-Garabag bilen ýanaşyk ýerleşýän Tartar şäherini oka tutýandygyny" aýtdy.

Taraplaryň ikisi-de söweşde dikuçarlary, pilotsyz uçarlary, tanklary we artilleriýany ulandylar.

Daglyk-Garabag ermeni we azerbaýjan güýçleriniň arasyndaky Aragatnaşyk çyzygy diýilýäniň ugrunda yzygiderli serhet çaknyşyklaryny başdan geçirýär.

Iýul aýynda bolan çaknyşyklarda esasan iki tarapyň esgerlerinden ybarat azyndan 17 adam, şol sanda asuda ilatdan bir raýat öldi. Bu çaknyşyklar dron we agyr artilleriýa hüjümlerini hem öz içine aldy.

Ýöne soňky zorluk has güýçli çaknyşyk ýaly bolup görünýär. Ermeni we azerbaýjan resmileri soňky çaknyşyklary uruş häsiýetlendirýärler. Olar hüjümi başlatmakda birek-biregi günäkärleýärler.

“Biz Günorta Kawkazda doly masştably urşuň bosagasynda” diýip, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan duýdurdy. Ol Azerbaýjany öňünden planlaşdyrylan agressiýada aýyplady.

27-nji sentýabrda Ermenistan we Daglyk-Garabag Azerbaýjanyň anklawa, şol sanda sebit paýtagty Stepanakerte eden hüjümlerine jogap diýip, harby kanun we doly mobilizasiýa yglan etdi.

Harby kanun we komendant sagadyny girizen Azerbaýjan Aragatnaşyk çyzygyna edilen hüjüme jogap hökmünde harby operasiýa girişendigini aýtdy. Ol öz güýçleriniň ýedi töweregi obada gözegçiligi ele geçirendigini hem aýtdy.

Muny Daglyk-Garabag ilkibaşda ret etdi ýöne soňra regionyň de fakto lideri Araýik Harutiunian Talişiň golaýynda we günortada öz pozisiýalaryny ýitirendiklerini boýun aldy. Ol bu territoriýalary yzyna almaga ant etdi.

Ermeni tarapy Azerbaýjana agyr ýitgi çekdirendigini, olaryň onlarça tankyny ýok edendiklerini, dikuçarlaryny we pilotsyz uçarlaryny urup ýykandyklaryny öňe sürdi. Azerbaýjan bu öňe sürmeleri ret etdi.

Öň ýüze çykan zorluklarda bolşy ýaly, taraplar garşydaşlaryna çekdiren ýitgilerini ulaldyp, maglumat söweşi bilen meşgul bolýan ýaly bolup görünýär.

Möwjeýän zorluga Ýewropa ýurtlary, Russiýa, BMG, ABŞ we beýlekiler çalt seslendi. Olar iki tarapy derhal duşmançylygy bes etmäge we dialoga geçmäge çagyrdylar.

Bu aralykda, regional güýç, Türkiýe özüniň öňden gelýän ýaranyny, Azerbaýjany goldajakdygyny aýtdy.

“Azerbaýjana ýene hüjüm etmek bilen Ermenistan özüniň sebitde parahatçylyga we asudalyga iň uly wehimdigini ýene bir gezek görkezdi” diýip, türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 27-nji sentýabrda aýtdy.

Ýerewanyň dartgynlylyga türk goşunynyň öz gatyşygyny çuňlaşdyrýandygy baradaky aýyplamalarynyň fonunda Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan global güýçleri Türkiýäniň konflikte goşulmagynyň öňüne geçmäge çagyrdy.

Awgust aýynda Türkiýe we Azerbaýjan howa we guryýer goşunlarynyň bilelikdäki iki hepdelik tälim-türgenleşigini tamamlady. Türgenleşikler Azerbaýjanyň Nahçiwan anklawasyny hem öz içine aldy. Käbir synçylar Türkiýäniň yzda harby tehnika, hatda harby kontingent galdyryp-galdyrmandygyny sorag edýär.

Bu aralykda, uruş gözegçisi, Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy 27-nji sentýabrda Türkiýäniň hemaýatyndaky siriýaly gozgalaňçylaryň Azerbaýjana kömege ugradylmagynyň mümkindigini aýtdy.

Daglyk-Garabagyň lideri Harutiunian 27-nji sentýabrda Türkiýäni söweşe hakyna tutma adam ugratmakda we söweş uçarlaryny ibermekde aýyplady. Ol urşuň eýýäm “Daglyk-Garabag we Azerbaýjan konflikti bolmakdan çykandygyny” öňe sürdi.

Aliýewiň maslahatçysy Hikmat Hajiýew Türkiýäniň Siriýadan Azerbaýjana söweşiji ugradandygyny ret etdi we muny “doly manysyz” atlandyrdy.

Russiýa Türkiýäniň konflikte berk gatyşmak potensialyny ýakyndan synlaýar. Russiýa we NATO agzasy Türkiýe Liwiýadaky we Siriýadaky konfliktlerde bir-birine garşydaşlyk edýär.

Russiýa Azerbaýjana-da, Ermenistana-da ýarag satýar, ýöne onuň Ermenistanda harby bazasy bar we bu strategiki hyzmatdaşlygy goldaýar.

Daglyk-Garabag konflikti Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen ýüze çykdy. Şonda bu sebit hem-de Azerbaýjanyň ýedi ýanaşyk etraby ermeni hemaýatyndaky separatistler tarapyndan ele geçirildi we olar 1988-1994-njy ýyllar aralygynda azyndan 30 müň adamyň ölümine ýüzlerçe müň adamyň öz ýaşaýan ýerinden göçmegine getiren çaknyşyklaryň arasynda garaşsyzlyk yglan etdiler.

1994-nji ýylda Russiýanyň dellalçylygynda gazanylan ynjyk ýaraşykdan bäri, sebit etniki ermeni güýçleriniň gözegçiligi astyndadyr. Azerbaýjan olaryň arasynda Ermenistanyň goşunlarynyň hem bardygyny aýdýar. Sebitiň garaşsyzlygy dünýäde hiç bir ýurt tarapyndan ykrar edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG