Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa, Fransiýa Daglyk-Garabagda atyşyklary bes etmäge çagyrýarlar


Rus prezidenti Wladimir Putin (sagda) we onuň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makron (arhiw suraty)

Rus prezidenti Wladimir Putin we onuň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makron jedelli Daglyk-Garabag sebitinde Azerbaýjan bilen etniki ermenileriň arasyndaky alnyp barylýan atyşyklaryň bes edilmegine çagyrdylar.

Kremliň 1-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, iki prezident telefon söhbetdeşliginde Daglyk-Garabag sebitindäki dartgynlylyklary diplomatiki ýollar bilen gowşatmagyň ýollaryny maslahat edipdirler.

“Wladimir Putin we Emmanuel Makron garşydaş taraplary atyşyklary dessine we doly kesmäge, dartgynlylyklary gowşatmaga we ýokary derejede çydamlylyk görkezmäge çagyrdylar” diýip, Kremliň beýanatynda aýdylýar.

Maglumata görä, iki lider söweş hereketlerini bes etmek we ÝHHG-niň Minsk Toparynyň çäklerinde gepleşikleri dowam etdirmek boýunça beýanat bilen çykyş etmäge taýýarlyk görýärler.

Azerbaýjan we etniki ermeni güýçleri söweşmegi dowam etdirmäge söz berdiler. Bu doly göwrümli söweşiň we hat-da regional konfliktiň hem döremek howpuny artdyrdy.

Daglyk-Garabag sebitinde, şol sanda dikuçarlaryň, pilotsyz harby uçarlaryň, tanklaryň we artilleriýanyň gatnaşmagyndaky agyr çaknyşyklar barada maglumatlar gowuşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG