Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UIA Türkmenistandaky edarasynyň işini togtatdy


Ukrainanyň Halkara howaýollary (UIA) kompaniýasynyň kassasy (arhiw suraty)
Ukrainanyň Halkara howaýollary (UIA) kompaniýasynyň kassasy (arhiw suraty)

Ukrainanyň Halkara howaýollary (UIA) kompaniýasy özüniň Türkmenistandaky wekilçilik edarasynyň işini togtatdy. Bu barada Interfaks-Ukraina habar agentligi 30-njy sentýabrda maglumat berdi.

Gymmatly kagyzlar we fond biržasy komissiýasynyň maglumatyna görä, kompaniýanyň dolandyryjy geňeşi işgär sanyny kemeltmek we wekilçilik edaralarynyň çykdajylaryny azaltmak maksady bilen, bu karary kabul edipdir.

Howaýollary gullugynyň beýanatynda bellenilşi ýaly, kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasy “Türkmenbaşy” şaýoly 73a salgysy boýunça ýerleşipdir.

Mundan başga-da, Ukrainanyň Halkara howaýollary özüniň Özbegistandaky we Belarusdaky wekilçilik edaralarynyň işini hem togtatýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG