Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: Çehiýa gaýtadan adatdan daşary ýagdaýy girizýär


10,7 million ilatly Çehiýada wirusa 67 müň 843 adam ýolugdy.

Çehiýanyň hökümeti COVID-19 bilen bagly ýüze çykarylýan täze ýagdaýlaryň birden ýokarlanmagyna jogap edip, 5-nji oktýabrdan başlap ýurtda gaýtadan adatdan daşary ýagdaýy girizýär.

Çeh saglyk ministri Roman Prymulanyň sözlerine görä, iň azyndan birinji iki hepdäniň dowamynda adamlaryň üýşmeleňleri daşarda 20 adam, binalaryň içinde hem 10 adam çäklerinde bolar, mundan başga-da sport çäreleri tomaşaçysyz geçiriler, orta mekdepler ýapylar we saglyk talyplary hemaýat bermek üçin keselhanalara çekiler.

Ýewropada wirusyň ýaýramak gerimi boýunça, ilat sanyna görä, Çehiýa häzir ikinji orunda dur. 10,7 million ilatly Çehiýada wirusa 67 müň 843 adam ýolugdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG