Owganystanyň gündogaryndaky Helmand welaýatynda janyndan geçen hüjümçiniň harby barlag-gözegçilik nokadyna ulagly eden hüjümi netijesinde azyndan dokuz adam öldi.
Ýerli resmileriň maglumatyna görä, 30-njy sentýabrdaky hüjümde heläk bolanlaryň arasynda parahat ilatdan dört adam, şol sanda iki aýal hem bar.
Mundan başga-da, hüjümde bir çaga we üç howpsuzlyk işgäri ýaralandy.
Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat hiç kim öz üstüne almady. Emma Helmand welaýaty “Talyban” jeňçileriniň gözegçiligi astynda saklanýar.
Bu hüjüm “Talyban” toparynyň we owgan hökümetiniň wekilleriniň, Owganystandaky 19 ýyllyk urşy togtatmaga gönükdirilen, Katarda geçirýän gepleşikleriniň arasyna gabat geldi.
12-nji sentýabrda başlanan Dohadaky parahatçylyk gepleşiklerine garamazdan, Owganystanyň dürli sebitlerinde ýowuzlyklar dowam edýär.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!