Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistan ÝHHG-nyň Dagly-Garabag baradaky parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak isleýär


Söweş pursaty.

Ermenistan ÝHHG-nyň üsti bilen parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaga taýýardygyny aýdýar. Bu çaknyşyklaryň regional güýçleri hem özüne çekip, doly urşa ýazmagyndan alada edýän halkara liderleri bölünip aýrylan Dagly-Garabag sebitinde azerbaýjan güýçleri bilen barýan söweşi gyssagly bes etmegi talap edýär.

Ýerewandaky Daşary işler ministrligi 2-nji oktýabrda beren beýanatynda Fransiýanyň, Orsýetiň we ABŞ-nyň gatnaşmagyndaky Minsk toparynyň Dagly-Garabag üstünde söweşýän güýçleriň duşmançylygy derhal bes etmekleri baradaky bilelikdäki çagyryşyny goldaýandygyny aýtdy.

Üçlügiň egindeş başlyklary Ermenistanyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylaryny ÝHHG-nyň çägindäki Minsk toparynyň beýemçiliginde derhal “düýpli gepleşikleri dikeltmäge, öňünden şert goýmazdan gepleşik geçirmäge” hem çagyrdy.

Ermenistan we Azerbaýjan şu wagta çenli 27-nji sentýabrda başlanan atyşygy bes etmek baradaky çagyryşlara kän baş galdyrmandylar.

Şu aralykda, Ermenistanda 104 harbynyň we 23 asuda adamyň öldürilendigi hasaba alyndy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň Garabagyň separatist goşunyny 2300 esgerini öldürendigini, "130 tankyny, 200 topyny, 25 uçara garşy ýaragyny, bäş sany ok-däri ammaryny, 50 sany tanka garşy ýaragyny, 55 sany harby ulagyny ýok edendigini" aýtdy.

Azerbaýjan resmileri öz harby güýçleriniň ýitgileri barada jikme-jik maglumat bermediler, ýöne ondan gowrak parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini, 40-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Ermenistan Azerbaýjanyň 130 esgerini ýitirendigini, ýene 200 adamyň ýaraly bolandygyny öňe sürdi.

Azerbaýjan bilen Ermenistan Sowet Soýuzynyň soňky ýyllaryndan bäri Dagly-Garabag üstünde dawa edýär we, 1994-nji ýylda baglaşylan oňaýsyz ylalaşyga çenli bolan uruşda 30 müň çemesi adam ýitirdi.

Dagly-Garabag şondan bäri etniki ermeni güýçleriniň gözegçiligi astynda galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG