Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan sebitinde ýer yrandy, türkmen mediasy ýene dymýar


2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Balkan sebitinde gije ýaryma golaý ýer yrandy.

Ýer yranmalary barada maglumat berýän saýtyň ýazmagyna görä, 5-nji gün Türkmenistanyň Gumdag şäheriniň 37 km uzaklygynda 4,1 magnitýud güýji bolan ýer sarsgyny boldy. Sarsgynyň 10.0 çuňlukda bolandygy aýdylýar.

Sarsgyn Balkanabatdan 44, Bereket şäherinden 61, Serdardan 133, Türkmenbaşydan 175 km uzaklykda boldy.

Bu soňky günlerde bolan ikinji ýer yranmasy bolup, türkmen häkimiýetleri, adatça bolşy ýaly, tebigy hadysa barada hiç bir maglumat bermeýär.

Balkan welaýatynyň Eýran bilen araçäkleşýän ýerlerinde 26-njy sentýabrda hem, ýerli wagt bilen sagat 10:46-da ýer yrandy. Şonda sarsgynyň güýji 5.2 magnitýud diýlip kesgitlendi.

Bu sarsgyndan, resmi maglumatlara görä, Eýranyň territoriýasynda azyndan 250 bina zyýan ýetdi.

Türkmen mediasy ýurduň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerine ol ýa-da beýleki görnüşde zyýan ýetirýän suw joşgunlary, siller, ýer yranmasy we ýokanç keselleriň ýaýramagy bilen bagly maglumatlary öz ilatyna doly we wagtynda ýetirmegi zerur hasaplamaýar.

Mysal üçin, iýun aýynda Murgap derýasyndaky Soltanbent böwsülip, ekerançylyk ýerleriniň belli bir bölegini suw basdy. Bu ýagdaý welaýatda gowaça ekýän kärendeçileriň ekin meýdanlaryna uly zyýan ýetirdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, Ýolöten etrabynyň Baýraç, Hakykat, Momataý we Rahat daýhan birleşikleriniň gowaça eken kärendeçileri ýerleriň suw astynda galmagyndan has kän zyýan çekdi.

Emma muňa garamazdan, döwletiň zyýan çeken daýhanlara ol ýa-da beýleki görnüşde maddy goldaw berip-bermändigi belli bolman galýar.

XS
SM
MD
LG