Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystandaky saýlawda hökümete tarapdar partiýalar agdyklyk edýär, oppozisiýa netijeleri ret edýär


Ses berişlik nokady, Gyrgyzystan
Ses berişlik nokady, Gyrgyzystan

Gyrgyzystanyň orsýetçi prezidenti Sooronbaý Jeenbekowa ýakyn partiýalar 4-nji oktýabrda bu Merkezi Aziýa ýurdunda geçirlen parlament saýlawlarynda iň köp ses aldy, ýöne oppozisiýa düzgün bozmalar sebäpli netijeleri ret etdi.

5-nji oktýabrda jemlenen deslapky netijeler dört partiýanyň agzalarynyň 120 agzaly Ýokarky Geňeşe girmek üçin zerur 7 prosentlik çäkden geçendigini görkezdi.

Täze döredilen hökümete tarapdar Birimdik (Agzybirlik) partiýasy 24,5 göterim ses aldy, ikinji orunda Mekenim Gyrgyzystan (Watanym Gyrgyzystan) 23,88 göterim, Gyrgyzystan partiýasy 8,76 göterim ses aldy. Bu üç partiýa hökümete tarapdar hasaplanýar we häziki häkimiýetiň saklamaga gyzyklanma bildirýär.

Birimdik, Mekenim we Gyrgyzystan partiýalar Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi bilen has çuňňur integrasiýany hem Orsýet bilen ýakyn howpsuzlyk gatnaşyklaryny goldaýarlar.

Milletçi Bütewülik partiýasy Gyrgyzystanyň oppozisiýa partiýalarynyň arasynda 7,13 göterim ses alyp, zerur bosagadan geçmegi başardy. Ýene 12 partiýa zerur mukdarda ses alyp bilmedi.

Saýlawlara ses berijileriň gatnaşyk derejesi 56,5 göterim boldy.

Kiçi partiýalar Jeenbekowa wepaly hasaplanýan Birimdik pariýasyny öz kandidatlaryny öňe sürmek üçin administratiw çeşmelerden peýdalanmakda aýyplaýarlar, partiýa muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG