Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz oppozisiýasy parlament saýlawlarynyň netijelerini ret edip, köçä çykýar


Bişkek, 5-nji oktýabr, 2020

Gyrgyzystanyň birnäçe syýasy partiýasy paýtagt Bişkekde ýygnanyşyk geçirip, hepdäniň ahyrynda Gyrgyzystanyň orsýetçi prezidenti Sooronbaý Jeenbekowa ýakyn partiýalara ýeňiş beren parlament saýlawlarynyň netijeleriniň ýatyrylmagyna çagyrýar.

Bişkekiň merkezi Ala-Too-da 1000-den gowrak aktiwist we bäş partiýanyň, ýagny Sosial-demokratlar, Çon Kazat, Meken Yntymagy, Bir Bol we Reforma partiýalarynyň tarapdarlary 5-nji oktýabrda ýygnanyp, sesleriň galplaşdyrylandygyny, sesleriň satyn alnandygyny we beýleki bidüzgünçilikleriň saýlawlara päsgel berendigini öňe sürdüler.

Iki esasy oppozisiýa partiýasy Ata-Meken we Respublika özleriniň we tarapdarlarynyň köpçülikleýin protest geçirjekdiklerini öňünden aýtdylar.

Oppozision syýasy partiýalar protestleriň bu Merkezi Aziýa ýurdunyň beýleki şäherlerinde hem geçiriljekdigini mälim etdi.

5-nji oktýabrda irden mälim edilen deslapky netijeler dört partiýanyň 120 agzaly Ýokarky Geňeşe girmek üçin zerur 7 prosentlik çäkden geçendigini görkezdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG