Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurtlar pandemiýa gaýtawul bermegi aňsatlaşdyrmak üçin sanksiýalaryň ýatyrylmagyny talap edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Sanksiýalar bilen nyşana alnan ýurtlaryň koronawirus pandemiýasyna gaýtawul bermegini ýeňletmek üçin 26 ýurt Birleşen Ştatlary hem-de beýleki Günbatar ýurtlary tarapyndan girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyna çagyryş etdiler.

Hytaý BMG-niň Baş Assambleýasynyň adam hukuklary boýunça komitetiniň 5-nji oktýabrda geçiren ýygnagynda sanksiýalary ýatyrmak boýunça edilen çagyryşlara öňbaşçylyk etdi.

Hytaýyň BMG-däki ilçisi bu sanksiýalaryň BMG düzgünnamasyny bozýandygyny hem-de olaryň “ejir çeken ýurtlarda ilatyň abadançylygyna” kynçylyk döretmek bilen hem-de adamlaryň saglyk hukugyny bozmak bilen adam hukuklaryna päsgel berýändigini aýtdy.

Bu beýanaty goldaýan ýurtlaryň arasynda Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi ýa-da beýleki Günbatar ýurtlary tarapyndan ençeme sanksiýalara sezewar edilen Eýran, Russiýa, Siriýa ýaly ýurtlar bar.

XS
SM
MD
LG