Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan nebit geçirijiniň nyşana alnandygyny aýdýar; Ermenistan muny ret edýär


 Daglyk-Garabagda alnyp barylýan söweşden bir pursat. 7-nji oktýabr, 2020 ý.
Daglyk-Garabagda alnyp barylýan söweşden bir pursat. 7-nji oktýabr, 2020 ý.

Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy jedelli Daglyk-Garabagda azeri we ermeni güýçleriniň arasynda barýan söweşiň fonunda, nebit turbasynyň nyşana alnandygyny aýtdy. Ermenistan bu aýyplamany dessine ret etdi.

Raketalar Ýewlah regionynyň üstünden geçýän Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisiniň käbir böleklerine tarap atyldy diýip, Baş prokuratura 6-njy oktýabrda maglumat berdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy mälim etdi.

Maglumata görä, Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynyň möhüm bir bölegi bolan bu geçirijä zeper ýetirmek synanyşygy 6-njy oktýabrda, sagat 21:00 töweregi amala aşyrylypdyr.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi bu aýyplamany ret etdi.

Azerbaýjan azeri armiýasynyň tagallalary netijesinde geçirijä zeper ýetirmek synanyşygynyň öňüniň alnandygyny aýtdy. Maglumata görä, hadysada parahat ilatyň arasyndan bir adam ölüpdir.

6-njy oktýabrda irden azeri güýçleri Daglyk-Garabagyň paýtagty Stepanakerte raketalary atdy we günorta front boýunça “giň gerimli hüjümi amala aşyrdy” diýip, Ermenistanyň goranmak ministrliginiň metbugat wekili aýtdy.

27-nji sentýabrda başlanan çaknyşyklardan bäri taraplaryň ikisi-de azyndan 240 adam ölümi barada maglumat berdi. Heläk bolanlaryň arasynda parahat ilatyň arasyndan hem onlarça adam bar.

Halkara jemgyýetçiliginiň ok atyşyklary bes etmek çagyryşlary ýerine ýetirilmeýär.

XS
SM
MD
LG