Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Oşuň ozalky häkimi Gyrgyzystana dolandy, ýurt “howply ýagdaýda” diýdi


Melis Myrzatkamow Oşa dolandy

Gyrgyzystanda Oşuň ozalky häkimi Melis Myrzatkamow 7-nji oktýabrda şähere dolandy we dessine öz tarapdarlaryna ýüzlendi. Ol oppozisiýa partiýalarynyň 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda köp sanly bidüzgünçilikleriň we galplyklaryň bolandygyny aýdyp, onuň netijelerine garşy geçiren protestleriniň gazaplylyga ýazmagyndan soňra, häzir Gyrgyzystanyň “juda howply ýagdaýda durandygyny” aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatyna görä, Myrzatkamow gije-ýaryndan soň Türkiýeden Oşuň aeroportuna gonupdyr. Mundan soň hem, ol şäheriň merkezi meýdançasynda oňa garaşyp duran müňlerçe adamyň ýanyna gidipdir.

Myrzatkamow olary “milli jebisligi saklamaga, şeýle-de ýurtda graždançylyk urşuny turzup, ýurdy bölmäge gyzyklanma bildirýän güýçlere garşy durmaga” çagyrdy.

Şeýle-de, ol parlament saýlawlarynyň “gaty hapa” bolandygyny we diňe mynasyp adamlaryň gyrgyz parlamentine saýlanylmalydygyny aýtdy.

5-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw topary partiýalaryň sesleri satyn almak arkaly ýeňiş gazanandyklaryny aýdyp, köçelere çykan we edara binalaryna giren müňlerçe protestçiniň talabyny kanagatlandyryp, 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerini ýatyrdy.

Dürli syýasy güýçler häkimiýeti öz eline geçirendiklerini aýtdylar, prezident Sooronbaý Jeenbekow muny hökümet agdarylyşygy diýip atlandyrdy. Mundan başga-da, Jeenbekow durnuklylyga çagyrdy. Onuň häzir nirededigi nämälimligine galýar.

Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň gaýtadan geçiriljekdigini aýtdy. Emma başga goşmaga maglumat bermedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG