Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň prawoslaw kilisesiniň lideri koronawirus ýokuşan adam bilen aragatnaşykdan soň karantine girdi


Patriarh Kiril
Patriarh Kiril

Russiýanyň prawoslaw kilisesiniň lideri Patriarh Kiril koronawirus ýokuşan adam bilen aragatnaşykda bolandan soň, karantine girdi.

Russiýanyň prawoslaw kilisesiniň web-saýty 8-nji oktýabrda Patriarh Kiriliň Moskwanyň golaýyndaky Sergiew Posad şäherinde ýerleşýän Keramatly Sergiusyň Üçbirlik lawra ybadathanasynyň ýolbaşçylaryna iberen hatyny çap etdi. Ol hatda näme sebäpden özüniň Radonežli Keramatly Sergius Güni mynasybetli geçirilýän ybadata gatnaşyp bilmeýändigini düşündirýär.

“Çuňňur gynanç bilen, men bu sapar siziň bilen ybadat etmek bagtyýarlygyna şärik bolup bilmejekdigimi habar bermek isleýärin. Munuň sebäbi, meniň ýaňy-ýakynda koronawirus diagnozy goýlan bir adam bilen aragatnaşykda bolmagymdyr. Meniň şahsy karantinim üçin lukmançylyk talaplary sebäpli zerur wagt heniz dolmady. Men siziň ähliňize ýokanç howpuny salmagy özüm üçin mümkin däl hasapladym” diýip, Patriarhyň haty aýdýar.

8-nji oktýabrda çenli Russiýada hasaba alnan koronawirus hadysalarynyň sany 1,26 mln adam, olardan 22,056 adam öldi, 1 milliondan sähel gowrak adam keselden açyldy.

XS
SM
MD
LG