Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanun çykaryjylar syýasy krizisi çözmäge çalyşýar, öňki prezident Atambaýew saklandy


Protestçiler. Bişkek. 9-njy oktýabr, 2020.
Protestçiler. Bişkek. 9-njy oktýabr, 2020.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri öňki prezident Almazbek Atambaýewi tussag etdi, dawaly parlament saýlawlary sebäpli dowam edýän başagaýlyklar wagtynda kanun çykaryjylar täze hökümet barada pikir alyşmak üçin ýygnanyşdylar.

10-njy oktýabrda döwlet howpsuzlyk komiteti tarapyndan Atambaýewe garşy görlen çäre Gyrgyzystanyň paýtagtyndaky dartgynlylygyň güýçlenmegi we iş başyndaky prezident Sooronbaý Jeenbekowyň adatdan daşary ýagdaý çagyryşyndan soň görüldi.

10-njy oktýabrdaky duşuşyk Bişkekde galplaşdyrylan parlament saýlawlaryndan soň häkimiýete dalaş edýän garşydaş toparlaryň arasynda ýüze çykan täze çaknyşyklardan soň planlaşdyryldy.

Ses berişlik we jedelli netijeler köpçülikleýin demonstrasiýalara we hepdäniň başynda hökümetiň agdarylmagyna sebäp boldy.

Berilýän habarlara laýyklykda, adatdan daşary ýagdaý güýje girenden soň, Bişkekiň daşynda bronly ulaglaryň we esgerleri alyp gelýän harby ýük awtoulaglarynyň görlendigi aýdylýar.

4-nji oktýabrda geçirilen saýlawdan soň ýüze çykan bulaşyklyk, Sowet Soýuzynyň iň garyp ýurdy hasaplanýan 6,5 million ilatly ýurtda soňky 15 ýylda amala aşyrylan üçünji hökümet agdarylyşygyna alyp geldi.

XS
SM
MD
LG