Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa ýurtlarynda gürelýän täze koronawirus hadysalary alada döredýär


Angela Merkel
Angela Merkel

9-njy oktýabrda Çehiýadaky koronawirus hadyslarynyň sany 8,618-e ýetdi, bu tapgyr, yzly-yzyna hasaba alnan dördünji rekord boldy.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel täze, gündelik ýagdaýda ozal görülmedik derejede köpelýän keselçilik hadysalaryndan soň, bu ýurduň pandemiýa gözegçilik etmek başarnygyny ýitirip biljekdigini duýdurdy.

Çehiýa we Germaniýa birnäçe ýewropa ýurdunyň arasynda, näsaglaýanlaryň köpelmeginden alada galyp, bu tendensiýany duruzmaga gönükdirilen täze çäklendirme çärelerini işe girizdi.

9-njy oktýabrda habar berlen 8,600-den gowrak näsag goşulandan soň, Çehiýada näsaglanlaryň umumy sany 109,374-e ýetdi, soňky günlerde Ukrainada we Polşada hem täze hadysa köp boldy.

Tassyklanan hadysalary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Orsýet 9-njy oktýabrda 12126 sany täze wirus näsagyny hasaba alyndy.

Bu gündelik rekordlar boýunça maý aýyndan öňki ýokary görkezijiden hem ýokarydyr.

Merkel, saglyk edaralary ýokanç zynjyrlaryny yzarlap bilmese, koronawirusyň çalt ýaýrajakdygyny aýdyp, duýduryş berdi. Ýöne ol, keselçiligiň artmagy bilen, käbir şäherlerde çäklendirmeleriň gaýtadan girizilmegini gutlady.

XS
SM
MD
LG