Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habarowsk ýörişinde onlarça protestçi tussag edildi


Habarowsk protestçileri

Habarowsk şäheriniň polisiýasy Kremliň sebit häkimini duýdansyz işden aýyrmagyna garşy aç-açan we dowamly protest bildirýän raýatlaryň onlarçasyny tussag etdi.

Hytaý bilen serhetdäki Uzak Gündogar şäheriniň ýaşaýjylary gubernator Sergeý Furgal iýul aýynda adam öldürmek bilen baglanyşykly aýyplamalar esasynda saklanyp, gyssagly Moskwa äkidileli bäri yzygiderli protest ýörişlerini geçirýär.

Furgal aýyplamalary ret etdi, onuň tarapdarlary bu jenaýat işiniň Kremliň kömegi bilen, häkimiň garşydaşlary tarapyndan toslanyp tapylandygyny aýdýarlar.

Müňlerçe demonstrant 9-njy oktýabrda şäheriň üsti bilen ýöriş etdi we protestçiler Habarowsk şäheriniň merkezi meýdançasynda çadyr gurup başlandan soň, polisiýa 30 töweregi adamy tussag edildi.

Agşam birnäçe ýüz demonstrant ýene-de esasy meýdana ýygnandy, olar polisiýanyň demonstrasiýa rugsat berilmeýändigi baradaky duýduryşyny ret etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG