Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp COVID-19 ýokuşmasyndan bäri ilkinji köpçülik çäresini geçirip, wirusyň “ýok bolýandygyny” aýtdy


Prezident Donald Tramp
Prezident Donald Tramp

Prezident Donald Tramp Ak tamda öz tarapdarlaryna saglyk ýagdaýynyň gowudygyny aýdyp, koronawirus ýokuşaly bäri ilkinji köpçülik çäresini geçirdi.

Tramp 10-njy oktýabrda Ak tamyň balkonyna çykyp, esasan ispan we afro-amerikan tarapdarlaryndan ybarat bolan ýüzlerçe adam bilen söhbetdeş boldy.

Maska geýmedik we saýlaw kampaniýasy üçin taýýarlanan sözüni gysgaldyp sözlän prezident demokrat bäsdeşi Jo Baýdeni tankytlap, hukuk goraýjy edaralary we öz administrasiýanyň gazananlaryny taryp etdi.

Onuň goldawçylary maskalydy, ýöne olar köplenç sosial aralyk düzgünlerini saklamady.

Şeýle-de Tramp, özüne we Ak tamyň ondan gowrak resmisine ýokuşan wirusyň ýurt boýunça ýaýrawynyň iki ýa bäri ýokary bolmagyna garamazdan, pandemiýanyň “ýok bolýandygyny” aýtdy.

Täze wirusdan 213,000-den gowrak amerikaly öldi. "Biz güýçli bejeriş we derman öndürýäris, hassalary bejerýäris we gutuljak bolýarys, sanjym bolsa, bilşiňiz ýaly, gaty gysga wagtda, örän çalt taýyn ediler" diýip, Tramp aýtdy.

Prezident saýlawdan birnäçe hepde öň meşhurlygyny ýokarlandyryp, 3-nji noýabrda geçiriljek saýlawda pikir soramalarynda on dereje öňe saýlanan Baýdenden üstün çykmak isleýär.

XS
SM
MD
LG