Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp COVID-19 ýokuşmasyndan bäri ilkinji saýlaw ýörişini geçirdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp koronawirusa ýolugandan bäri ilkinji gezek saýlaw kampaniýasyna dolandy.

Tramp 12-nji oktýabrda Floridanyň Sandford şäherinde daşarda geçirilen ýörişe gatnaşdy.

3-nji noýabrda geçmeli saýlawlara 3 hepdeden hem az wagt galan döwri, pikir soralyşyklar Trampyň özüniň Demokrat garşydaşy Joe Baýdenden yzdadygyny görkezýär.

Tramp ýörişiň dowamynda öz administrasiýanyň pandemiýa babatyndaky görýän çärelerini we özüniň wirusdan saplanmagyny dabaralandyrdy.

“Men mundan geçdim. Olar mende immunitet dörändigini aýdýarlar” diýip, Tramp belledi.

Ýörişe gelenleriň diňe käbiri sosial aralygy saklady ýa-da gorag maskalaryny dakyndy.

Ýörişiň öňýany lukmanlar beýanat ýaýradyp, Trampda tapgyr ençeme gün geçirilen COVID-19 testleriniň negatiw bolandygyny aýtdylar.

Trampyň administrasiýasy pandemiýa babatyndaky görýän çäreleri boýunça tankyda sezewar bolupdy.

ABŞ-da wirusa 7.8 million adam ýolugdy we ondan 214 müňden hem aşa adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG