Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

16-njy oktýabrda Çehiýada 11,105 COVID-19 näsagy hasaba alyndy, jemi näsaglan 160,112 adam boldy


Çehiýanyň premýer-ministri Andreý Babiş

Çeh häkimiýetleri 16-njy oktýabrda 11105 sany täze koronawirus näsagynyň ýüze çykarylandygyny, ýurtda COVID-19 näsaglarynyň jemi sanynyň 160112-ä ýetendigini habar berdiler.

Häzirki wagtda bu keselden ölenleriň sany 1,283 adam.

Resmiler keselhana ýerleşdirilen hassalaryň sanynyň 3120 bolandygyny, 92,736 näsagyň keseliniň aktiwdigini aýtdylar.

Geçen hepde Çehiýanyň Saglyk ministrligi ýurtdaky sport zallaryny, howuzlary, kinoteatrlary, teatrlary, muzeýleri, galereýalary ýapýan birnäçe çäräni yglan etdi, bu çäreleriň käbiri derrew güýje girdi we galanlary 12-nji oktýabrdan güýje girdi.

Hökümet 12-nji oktýabrda goşmaça çäklendirmeleri öňe sürüp, 14-nji oktýabrda ýary gijeden ähli restoranlaryň, barlaryň we klublaryň 3-nji noýabra çenli ýapyljakdygyny habar berdi.

Restoranlar soralan naharlary eltip bermek we ýanyň bilen alyp gaýtmak düzgüni esasynda işläp bilerler.

Çagalar baglaryndan başga ähli mekdepler 2-nji noýabra çenli ýapylar we uzak aralyk okuwyna geçer, ýygnanyşyklar alty adam bilen çäklener we köpçülikde alkogolly içgileri içmek gadagan ediler.

Hökümet sosial hyzmatlaryň işini diňe esasy işler bilen çäklendirer.

Ýüz maskasyny geýmek zerurlygy ähli otly, tramwaý we awtobus duralgalaryna çenli uzaldylar.

Ýüz maskalary geçen aý ýapyk köpçülik ýerlerinde gaýtadan hökmany boldy.

Çehiýanyň premýer-ministri Andreý Babişiň pikiriçe, 3-nji noýabrda häzirki adatdan daşary ýagdaý gutarandan soň, ähli çäreler gaýtadan gözden geçiriler we giňeldiler, üýtgediler ýa-da ýatyrylar.

Epidemiýanyň şindem giň ýaýran ýerleri bolup galýan ýurtlardan gelýänler negatiw COVID-19 synagyny bermeli ýa-da gelenden soň karantinde bolmaly.

Slowakiýa we Germaniýa ýaly goňşy ýurtlar Çehiýadan gelýänlerden negatiw COVID-19 synagyny ýa-da karantinde bolmagy sorap başlady.

Italiýa, Gollandiýa, Daniýa, Belgiýa, Kipr we Rumyniýa hem çäklendirmeleri girizýän ýurtlaryň hataryna goşuldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG