Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ deňizçileri motory işlemeýän eýran gämisine kömege ýetişdi


Deňizçiler kynçylyga uçran deňizçileri azyk we suw bilen üpjün etdiler.
Deňizçiler kynçylyga uçran deňizçileri azyk we suw bilen üpjün etdiler.

Halkara deňiz koalisiýasynyň 16-njy oktýabrda beren habaryna görä, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky raketa ýok ediji Arap deňzinde kynçylyk çekýän eýran baýdakly gämä kömek etdi.

Eýran gämisi motor problemasy sebäpli togtady we 15-nji oktýabrda ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň Winston S. Çerçil gämisine gyssagly habar ýollady diýip, Birleşdirilen deňiz güýçleri aýtdy.

Koalisiýanyň beýanatynda deňizçileriň radioaragatnaşyk arkaly habarlaşyp, eýran gämisiniň motorynyň çöken batareýa sebäpli işlemeýändigi, gäminiň üstündäkileriň azyklarynyň we suwunyň gutarandygy anyklandy diýilýär.

Amerikan gämisi özünde eýran gämisine zerur bolan batareýanyň ýokdugyny anyklap, Omanyň kenarýaka goragçysyndan kömek sorady.

Deňizçileri kynçylyga uçran deňizçileri azyk we suw bilen üpjün etdiler we Oman kenarýaka goragçysy gelýänçä bu ýerden gitmediler.

Halkara deňiz konwensiýasynda, gämileriň haýsy ýurda degişlidigine garamazdan, kynçylykda bir-birine kömek etmegini göz öňünde tutýar.

ABŞ 1979-njy ýyldaky rewolýusiýadan we Tähranda amerikan diplomatlary zamun alnandan soň Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi.

Soňky aýlarda iki tarapyň arasyndaky dartgynlyk hasam güýçlendi.

XS
SM
MD
LG