Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habarowskiň ýaşaýjylary ýene ýörişe çykdylar. Protestler yzygiderli 99 gün dowam edýär


Protestciler. Habarowsk.
Protestciler. Habarowsk.

Habarowskde ýüzlerçe ýaşaýjy sebitiň tussag edilen öňki häkimi Sergeý Furgaly goldamak üçin ýygnandy. Bu sebitdäki protestler tapgyr 99 gün dowam edýär. Iň köp adamly protest ýörişleri şenbe güni geçirilýär. Bir hepde öň adat bolan ýöriş polisiýa tarapyndan dargadyldy, emma bu gün has köp adam ýygnandy diýip, Sibir reallyklary neşiri habar berýär.

Çärä gatnaşyjylar adatça Habarowsk sebitiniň hökümet binasynyň öňündäki Lenin meýdançasyna ýygnanyp, şäheriň merkezi köçelerinden ýöriş edýärler. Olar häzirki häkim Mihail Degtyarewe, prezident Wladimir Putine we hukuk goraýjy edaralara garşy şygarlara gygyrýarlar.

Habarowsk şäher häkimligi şäheriň esasy meýdançasyna 500 töweregi adamyň gelendigini aýtdy, raýat aktiwistleri bolsa protest çäresine gatnaşmak üçin birnäçe müň demonstrantyň gelendigini öňe sürýärler. Polisiýanyň we “Rosgwardiýanyň” işgärleri protest üçin ýygnananlara ýörişiň häkimiýetler bilen ylalaşylmandygy barada duýduryş berdiler, ýöne häzir tussag edilenler barada maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG