Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda koronawirusdan ölenleriň resmi sany 30 müňden geçdi


Maskaly aýaly. Tähran, 14-nji oktýabr, 2020.
Maskaly aýaly. Tähran, 14-nji oktýabr, 2020.

Eýran 17-nji oktýabrda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 30,000 adamdan geçendigini yglan etdi.

Saglyk ministrliginiň metbugat sekretary Sima Sadat Lariniň aýdan sözlerine görä, soňky 24 sagatda resmi görkezijilere goşulan 253 merhum bilen, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sany 30123-e ýetdi,

Şeýle-de Lari 4721 koronawirus hassasynyň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Eýran fewral aýynda ilkinji wirus hassalaryny yglan edeninden bäri keselçiligiň ýaýrawyny haýallatmak üçin tagalla edýär, emma muňa garamazdan, şu güne çenli ýurtda resmi taýdan tassyklanan 526,000-den gowrak näsag bar.

Şol bir wagtda, Ýakyn Gündogarda keseliň iň agyr zarba uran ýurdunda hakyky görkezijileriň has ýokary bolmagynyň mümkindigi çak edilýär.

Saglyk ministriniň orunbasary, mart aýynda wirus synagy oňyn netije görkezen Iraj Harirçi geçen hepde döwlet telewideniýesine beren interwýusynda ýurtda ölenleriň hakyky sanynyň ýadylýanyndan iki esse töweregi köp bolup biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG