Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny Kremliň özüni çetde tutmak synanyşygyna garamazdan, Russiýa gaýdyp barmakçy


Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny
Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny Kremliň özüniň Russiýa gaýdyp barmagynyň öňüni almak üçin elden gelenini edýändigini, ýöne şonda-da özüniň yza dolanmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Nawalny ABŞ-nyň CBS kanalynda 18-nji oktýabrda efire berlen interwýusynda yzda galan işini dowam etdirmek üçin ýene birnäçe aýdan yza dolanmakçydygyny aýtdy. Ol CBS bilen Berlinden söhbetdeş boldy.

Nowiçok toparyna degişi zäherli himiki madda bilen awgustyň aýaklarynda zäherlenenden soň, Nawalny Berlinde bejergi alýar.

Ol her gün reabilitasiýa gatnaýandygyny, özüni heniz hem “biraz gowuşgynsyz” duýýandygyny aýtdy.

Nawalny Berlin keselhanasynda 32 gün galandan soň, 22-nji sentýabrda ol ýerden goýberildi.

Şeýle-de, ol bir çüýşäni elläp, özüniň zäherlenendigine ynanýandygyny aýtdy.

Nerw agenti çüýşäniň içinde däl, üstündedi diýip, ol aýtdy.

Geçen hepde Ýewropa Bileleşigi we Britaniýa bu zäherlenme bilen baglylykda ýokary wezipeli alty rus resmisiniň we bir guramanyň “jana kast etmek synanyşygy” boýunça emläklerini doňdurdy we olara garşy syýahat gadagançylygyny girizdi.

Nawalny ABŞ-nyň şeýle çäreleri görmezliginiň öz ünsüni çekendigini hem-de onuň hem şeýle çäreleri durmuşa geçirmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG