Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ alty rus harby ofiserine “ýykgynçylykly” global hakerçilik kampaniýasy boýunça günä bildirýär


Russiýanyň GRU ady bilen tanalýan Harby aňtaw müdirliginiň Moskwadaky baş binasynyň deňinden awtoulaglar geçýär. 30-njy dekabr, 2016. Moskwa.
Russiýanyň GRU ady bilen tanalýan Harby aňtaw müdirliginiň Moskwadaky baş binasynyň deňinden awtoulaglar geçýär. 30-njy dekabr, 2016. Moskwa.

Birleşen Ştatlary alty rus harby ofiserine”ýykgynçylykly” global kiber kampaniýa, şol sanda zyýanly programmanyň dünýä ýaýradylmagy, Gürjüstan we Ukraina öňki Sowet respublikalaryna zyýan ýetirmek ýaly jenaýatlar boýunça günä bildirdi.

Adalat departamentiniň 19-njy oktýabrda yglan eden aýyplawy, bu adamlary fransuz saýlawlaryny, Phençongda geçirilen olimpiýadalary, hem-de Russiýanyň öldüriji nerw agent ulanmagyny derňeýän bir halkara guramany hakerçilik bilen döwmekde aýyplaýar.

Bu günä bildirme ABŞ-nyň Russiýanyň döwlet hem-de döwlete dahylsyz gatnaşyjylaryna garşy gönükdirýän kiber jenaýat aýyplawlarynyň soňkusydyr.

Alty rus raýatynyň ählisiniň GRU ady bilen tanalýan Rus harby aňtaw müdirliginiň ofiserleridigi aýdylýar. Iki ýyl mundan ozal ABŞ Russiýanyň harby aňtaw müdirligini 2016-njy ýylda Demokratiki Milli Konwensiýanyň kompýuterlerini döwmekde aýyplady.

ABŞ prokurory Skot Bredi (Scott Brady) ofiserleriň kampaniýalaryny “taryhda iň ýykgynçylykly we çykdajyly kiber hüjüm” atlandyrdy.

Şeýle-de, 19-njy oktýabrda Britaniýanyň Daşary işler edarasy GRU hakerleriniň 2020 Tokio Olimpiýadalarynyň guramaçylaryny hem nyşana alandyklaryny aýtdy. Olimpiýa oýunlary koronawirus pandemiýasy sebäpli öňümizdäki ýyla süýşürilipdi.

XS
SM
MD
LG