Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda parlament saýlawlary ýanwarda geçiriler


Gazak parlamenti
Gazak parlamenti

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew parlamentiň aşaky öýüne, ýagny Mejlise saýlawlary 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirmek baradaky karara gol goýdy.

Bu Tokaýewiň 2019-njy ýylda, ýurdy 30 ýyl çemesi dolandyran Nursoltan Nazarbaýewden soň, häkimiýet başyna geçeninden bäri geçiriljek ilkinji parlament saýlawlary bolar.

Nazarbaýew heniz hem ýurtdaky möhüm, şol sanda Howpsuzlyk Geňeşiniň ýolbaşçysy we häkimiýet başyndaky “Nur Otan” partiýasynyň başlygy wezipelerini eýeleýär.

Halkara saýlaw gözegçileri Gazagystandaky ozalky saýlawlaryň dowamynda galplyklaryň bolandygyny, oppozisiýa dalaşgärlerine basyş edilendigini, metbugat azatlygynyň çäklendirilendigini aýdyp, olaryň ne erkin, ne-de adalatly bolandygyny belläpdiler.

Mejlisde hökümeti goldaýan “Gazagystanyň Komunist halk partiýasynyň”, şeýle-de liberal “Ak Žol” partiýasynyň her biriniň ýedi orny bar. Galan dokuz orun Nazarbaýewiň kontroly astyndaky Gazagystanyň halkynyň assambleýasy tarapyndan kesgitlenýär.

XS
SM
MD
LG