Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow saglyk ministri bilen koronawirusy maslahat etdi, üzärlik maslahatyny gaýtalady


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasy

20-njy oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Onuň dowamynda ýurtda ýokanç keselleriň öňüni almak, şol sanda koronawirusa garşy göreş maslahat edildi.

Türkmenistanyň saglyk edaralary şu wagta çenli ýurtda resmi taýdan hasaba alnan koronawirus hadysasy barada habar bermedi.

Prezident we ýokary derejeli saglyk resmisi soňky maslahatda ýurtda koronawirus hadysasynyň hasaba alnyp-alynmandygyny ne inkär etdi, ne-de tassyklady, ýöne onuň ýaýramagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleriň görülýändigini aýtdylar.

Amannepesowyň hasabatyna salgylanyp, TDH koronawirusa garşy göreş bilen bagly käbir sanlary agzady. Habarda aýdylmagyna görä:

  • Farap, Sarahs we Garabogaz Döwlet serhet gözegçilik-geçiş ýerlerinde 80 orunlyk karantin nokatlary gurlupdyr
  • Döwlet serhediniň 9 geçiriş ýerinde, şol sanda Garabogazda, Serhetýakada, Türkmenbaşyda, Etrekde, Kakada, Sarahsda, Serhetabatda, Ymamnazarda we Farapda dezinfeksiýa geçelgeleri gurlupdyr
  • Türkmenabat, Türkmenbaşy şäherlerinde we Garabogaz şäherçesinde meýdan gospitallary gurlupdyr
  • Aşgabatda we Türkmenabatda kesele garşy Dolandyryş merkezleri döredilipdir
  • Pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlary ýurda getirmek işleri ýola goýuldy
  • Ýokanç keselleri anyklamak üçin ýurtda 19 laboratoriýa hereket edýän ekeni
  • Möwsümleýin dümewe garşy 240 müň doza waksina ýurda getirilipdir we ilatyň töwekgel gatlagynyň arasynda sanjym edildi

Şeýle-de, TDH prezidentiň täze koronawirusa garşy dünýä ýurtlaryndan waksina satyn almak boýunça saglyk ministrine tabşyryk berendigini habar berýär, ýöne döwletleriň ady agzalmaýar. Galyberse-de, iş maslahatynda şu günler dünýäniň köp ýurdunda koronawirusyň ikinji tolkunynyň dowam edýändigi bellenip geçildi, ýöne Türkmenistanda onuň näçinji tolkununyň dowam edýändigi ýa-da etmeýändigi agzalmady.

TDH ilat arasynda maska geýmegiň, adamlaryň arasynda araçäk saklamagyň pugta berjaý edilýändigini aýdýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda maska režimine polisiýanyň gözegçilik edýändigini, geýmedik adamlara jerime salynýandygyny habar berip gelýärler.

Iýunyň ortalarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ilata “tozandan” goranmak üçin maska geýmegi maslahat berdi. Ýöne soňky iş maslahatynda tozan agzalmady. Muňa derek, prezident Berdimuhamedow koronawirusa garşy, beýleki çäreler bilen bir hatarda, üzärlik bilen göreşmek barada beren maslahatyny ýene gaýtalady.

Prezident ýokanç kesele garşy göreşmek üçin “ilkinji nobatda, jemgyýetçilik pikirini döretmegiň möhümdigini aýdýar”. Ýöne geçen ýylyň ahyrynda Hytaýdan uç alan täze koronawirus keseliniň dünýä ýaýrap başlamagynyň ilkinji günlerinden başlap, ep-esli wagta çenli Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri koronawirus sözüni agzamakdan gaça durdy.

TDH çylşyrymly epidemiologik ýagdaý döwründe Türkmenistanyň Owganystana, Eýrana we Russiýa ynsanperwer ýardam ugradandygyny aýdýar, şeýle-de, şu wagta çenli Hytaýdan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Bahreýnden, BAE-den we Günorta Koreýadan derman we lukmançylyk serişdelerini öz içine alýan dostlukly kömegiň Türkmenistana gelip gowşandygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, mundan ozal pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylaryň awgustyň üçünji ongünlüginden başlap, üç aýyň dowamynda tapgyrlaýyn ýurda getirilýändiklerini, olaryň iki hepde möhlet bilen Türkmenabatda karantinde saklanýandyklaryny habar berdi.

Golaýda, habarçy 14 günlük karantin möhletiniň 28 güne çykarylandygyny habar berdi.

“Iki hepde mundan ozal Russiýadan gelen bir zenan karantiniň tamamlanmagyndan soň, şu gün Lebapdan Aşgabada dolanmalydy. Ýöne ony goýbermändirler, karantiniň ýene iki hepde uzaldylandygyny aýdypdyrlar” diýip, beýleki bir habarçy 21-nji oktýabrda Aşgabatdan habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG