Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň 4 mlrd dollarlyk GTL zawodynda gijigen aýlyk üçin gozgalaň turdy (wideo)


"Enter Engineering" kompaniýasynyň işçileri tölenmedik aýlyklary üçin protest bildirdiler.
"Enter Engineering" kompaniýasynyň işçileri tölenmedik aýlyklary üçin protest bildirdiler.

Işçileriň özleriniň gürrüň bermeklerine görä, bu nägilelik aksiýasy zawodyň işgärleriniň iki günläp azyksyz galmagy we olaryň aýlyklarynyň wagtynda tölenmezligi sebäpli, özakymlaýyn ýagdaýda guralypdyr.

21-nji oktýabrda, ýerli wagt bilen ir sagat 7:30-da Kaşkadarýa sebitiniň Guzar etrabynda Özbegistanyň GTL zawodyny gurýan “Enter Engineering” kompaniýasynyň müňlerçe işçisi öz-özlüginde nägilelik bildirdi.

Gün günortana golaýlanda proteste çykan işçileri basyp ýatyrmak üçin göz ýaşardyjy gazlaryň ulanylandygy barada maglumat gelip gowuşdy.

Guzardaky GTL "Enter Engineering" kompaniýasynyň bir işgäriniň beren habaryna laýyklykda, Içeri işler ministrliginiň pitneçilge garşy ulanylýan ýörite güýçleri (OMON) proteste çykan işçilere hüjüm etdi.

Protestleri basyp ýatyrmakda ulanylan harbylaryň milli gwardiýanyň agzalary bolmagy hem mümkin diýip bilinýär. Hüjüm wagtynda göz ýaşardyjy gaz ulanyldy. Işçiler tussag edildi, olary ellerine gandal salyp, konteýnerlere gabap goýdular.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna günüň ikinji ýarymynda gelip gowşan suratlarda zawodyň golaýyndaky depeleriň arkasyna gaçýan adamlar görünýär.

Şeýle-de, gelip gowşan wideoýazgylardan görnüşine görä, kelleleri kaskaly 5 müň töweregi işçi zawodyň binasyny zabt edip almaga synanyşýar.

Işçileriň özleriniň gürrüň bermeklerine görä, bu nägilelik aksiýasy zawodyň işgärleriniň iki günläp azyksyz galmagy we olaryň aýlyklarynyň wagtynda tölenmezligi sebäpli, özakymlaýyn ýagdaýda guralypdyr.

Iň soňky gelip gowşan maglumata görä, zawodyň işçileriniň protestini basyp ýatyrmak üçin Milli gwardiýanyň, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň we IIM-niň ýörite güýçleri getirilipdir.

"Enter Engineering Pte.Ltd" kompaniýasynyň Daşkentdäki baş edarasynyň bir wekili Azatlygyň Özbek gullugy bilen söhbetdeş bolup, Guzar zawodyndaky bidüzgünçilige aşhananyň gapysynyň döwülmeginiň sebäp bolandygyny aýtdy.

Resmi maglumata görä, işçileriň protesti sagat 9-da basylyp ýatyryldy.

Ýaralanan ýa-da ölen adamlar barada bada-bat berlen habar bolmady.

Radionyň Özbek dilindäki neşirine iberilen wideoda edara jaýynyň polunda gana çalym edýän gyzyl tegmiller görünýär.

Şeýle-de wideoda zawodyň dolandyryş binasyndaky edara enjamlarynyň döwlendigi, mebelleriň agdar-düňder edilendigi görünýär. Ýolbaşçylaryň we dolandyryjy işgärleriň oturan otaglaryndaky enjamlaryň hem döwlüp-ýenjilendigi aýdylýar we bu aýdylýanlar wideoşekiller arkaly hem tassyk bolýar.

Deslapky maglumatlara görä, işçiler özlerine nahar berilmezliginden we aýlyk haklarynyň plastik kartlaryna wagtynda geçirilmezliginden nägile bolupdyr.

Wideolardan biriniň 21-nji oktýabrda irden, zawod aşhanasynyň öňünde, aşhananyň öňündäki dyknyşygy görkezmek üçin ýazgy edilendigi aýdylýar.

Wideoda dar koridorda duran ýüzlerçe adamyň şekili görkezilýär. Adamlar zawodyň administrasiýasyna nägileliklerini aç-açan aýdýarlar. Olaryň biri duran ýerinden "Öz etimizi özümize iýdirýärler" diýip gygyrýar.

Radionyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan işçileriň biri zawoda bolan wakanyň jikme-jikliklerini şeýle düşündirdi:

"Bu desgada jemi 12 müň işçi bar. Iş meýdançasyndan lagere çenli aralyk dört kilometr. 20-nji oktýabrda işçilere agşamlyk nahary berilmedi. 21-nji oktýabrda bolsa ertirlik nahary berilmedi. Gazaba münen işçiler aşhanany we edara jaýlaryny agdar-düňder etdiler" diýip, ol aýtdy.

Işçiler
Işçiler

Wakanyň bolan ýerine bolup, bolan işi gözi bilen gören başga bir işçi bolsa, aşhana işgäriniň hem ýenjilendigini gürrüň berdi.

"Administrasiýa işçileri adam ornunda görenok. 21-nji oktýabrda irden ýene nahar berilmedi. Irden sagat 8-de aşhanada dawa turdy. "Nahar hany?" diýsek, aşhanadaky adamlar gödek jogap berdiler. Bize sögüp, paýyş sözleri aýtdylar. Işçileriň muňa gahary geldi we olar aşhananyň bir işgärini ýençdiler. Soňra zawody gyzyl-dörjük etdik" diýip, işçi aýtdy.

XS
SM
MD
LG