Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan Özbegistana eksport edilýän toguň mukdary gaçdy


Elektrik transformatorlary. Illýustrasiýa suraty
Elektrik transformatorlary. Illýustrasiýa suraty

Marynyň ýokary woltly elektrik liniýasynda ýüze çykan näsazlyk sebäpli, Özbegistanyň Türkmenistandan import edýän elektrik togunyň mukdary kemeldi. Bu barada “Özbegistanyň Milli elektrik liniýalary” mälim etdi.

Maglumata görä, 21-nji oktýabrda Türkmenistanyň “Serdar-Mary GRES” elektrik ulgamynda 500 kW ýokary woltly elektrik liniýasy gyssagly öçüpdir.

“Bu howa ulgamy arkaly Özbegistana 750 MWt çenli elektrik energiýasy import edilýärdi. Howa ulgamynda ýüze çykan näsazlyk sebäpli, gyssagly awtomatiki ulgamyň işlemegi netijesinde, 316 MWt kuwwatly Özbegistanyň energiýa ulgamyndaky sarp edijiler bu ulgamdan wagtlaýyn kesildi” diýip, maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda "golaý wagtda goňşy ýurtlaryň energiýa kompaniýalarynyň üsti bilen, Türkmenistandan elektrik toguny almak praktikasynyň ýatyryljakdygy" bellenilýar.

Türkmenistan 2019-njy ýylyň dekabrynda Özbegistana elektrik toguny eksport edip başlapdy.

XS
SM
MD
LG