Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dekabryň ilkinji iki gününde Türkmenistan Özbegistana 30 mln kWt/s elektrik energiýasyny iberdi


Elektrik sütüni. Illýustrasiýa suraty
Elektrik sütüni. Illýustrasiýa suraty

Şu ýylyň 1-nji dekabryndan bäri, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda baglaşylan degişli ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistan goňşy Özbegistana elektrik energiýasyny eksport edip başlady.

1-nji dekabra Özbegistana 14,9 million kWt/s elektrik energiýasy iberilen bolsa, 2-nji dekabrda bu 15,4 million kWt/s deň boldy.

Bu barada Özbegistanyň milli energiýa gullugynyň metbugat edarasy maglumat berýär.

Gulluk elektrik energiýasynyň ylalaşylan grafige laýyklykda iberilýändigini belleýär.

Bu aralykda, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde energiýa üpjünçiliginde bökdençlikleriň ýüze çykýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG