Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa parlamentiniň Saharow baýragy belarus oppozisiýasyna berildi


Belarus oppozisiýasynyň wekilleri Weranika Tsepkala (çepde), Swetlana Tihanowskaýa (ortada) we Mariýa Kalesnikawa (arhiw suraty)
Belarus oppozisiýasynyň wekilleri Weranika Tsepkala (çepde), Swetlana Tihanowskaýa (ortada) we Mariýa Kalesnikawa (arhiw suraty)

Ýewropa parlamentiň adam hukuklary üçin Saharow baýragyny Belarusyň demokratik oppozisiýasyna bermek kararyna gelindi.

Bu barada Ýewropa parlamentiniň prezidenti Dawid Sassoli mälim etidi.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy 16-njy dekabrda Ýewropa parlamentinde geçer.

Belarusda 9-njy awgustda geçirilen saýlawlaryň dawaly netijelerinden bäri Alseksandr Lukaşenka garşy protestler dowam edýär. Protestleriň basylyp ýatyrylmagy netijesinde ençeme adam öldi, ýüzlerçesi ýaralandy we 10 müňden hem köp demonstrant tussag edildi.

ABŞ we ÝB Lukaşenkanyň ýeňişini ykrar etmediler.

XS
SM
MD
LG