Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Emomali Rahmon Duşenbede amerikan generaly Kennet F. Makenzi bilen duşuşdy


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon amerikan generally, ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň  Merkezi komandowaniýesiniň komandiri Kennet F. Makenzi bilen duşuşdy.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon amerikan generally, ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň  Merkezi komandowaniýesiniň komandiri Kennet F. Makenzi bilen duşuşdy.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Duşenbede iş sapary bilen gelen amerikan generally, ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň Merkezi komandowaniýesiniň komandiri Kennet F. Makenzi bilen duşuşdy.

Täjigistanyň prezidentiniň metbugat gullugy 22-nji oktýabrda duşuşygyň dowamynda Täjigistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe meselesiniň, hususan-da howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň we Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.

Taraplaryň häzirki zamanyň umumy howp-hatarlaryna, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, neşe gaçakçylygyna we beýleki transmilli jenaýatlara garşy alnyp barylýan bilelikdäki göreşiň çägindäki hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek isleýändikleri habar berilýär.

General Kennet F. Makenzi soňky bir aýyň dowamynda Täjigistana iş sapary bilen gelen ikinji ýokary derejeli amerikan resmisi bolup durýar.

3-4-nji oktýabrda Täjigistana ABŞ-nyň owgan ýaraşyk meseleleri boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad sapar etdi. Halilzadyň Täjigistanyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda Owganystanyň hökümet delegasiýasynyň Dohada “Talyban” hereketiniň wekilleri bilen geçirýän gepleşikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täjigistan bilen Owganystanyň 1400 kilometre barabar umumy serhet araçägi bar. Täjigistan häkimiýetleri soňky ýyllarda Owganystanyň demirgazygyndaky söweşijileriň, şol sanda “Yslam döwleti” toparynyň agzalarynyň işjeňleşýändigini aýdyp, Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyna abanýan howp baradaky aladalaryny birnäçe gezek aýan etdiler.

XS
SM
MD
LG