Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aklawçy: Snowden Orsýetde möhletsiz ýaşamak rugsadyny aldy


 Edward Snowden şwed gazetine interwiýu berýär. Moskwa, 21-nji oktýabr, 2015.
Edward Snowden şwed gazetine interwiýu berýär. Moskwa, 21-nji oktýabr, 2015.

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň (MHG) öňki işgäri Edward Snowden Orsýetde möhletsiz ýaşaýyş rugsadyny aldy. “Interfaks” habar gullugy bu täzeligi onuň aklawçysy Anatoliý Kuçerena salgylanyp habar berdi.

Kuçerenanyň sözlerine görä, Snowden 22-nji oktýabrda Orsýetde möhletsiz esasda ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy. Çäklendirilmedik ýaşaýyş rugsadyny almak mümkinçiligi, aklawçynyň bellemegine görä, Orsýetiň migrasiýa kanunçylygyna girizilen üýtgeşmelerden soň döredi.

Anatoliý Kuçerena ýaşaýyş rugsady baradaky arzany aprel aýynda tabşyrandyklaryny aýtdy. Ol bu arza uzak wagtlap seredilmegini "pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeler sebäpli döwlet edaralarynyň işinde dörän käbir kynçylyklar" bilen baglanyşdyrdy.

Aklawçy Snowdeniň rus raýatlygyny almak meselesiniň entek gozgalmaýandygyny aýtdy.

Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) we ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň (NSA) öňki işgäri 2013-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Milli howpsuzlyk gullugynyň gizlin maglumatlaryny “The Guardian” we “The Washington Post” gazetlerine iberenden soň tanaldy.

Bu maglumatlar Amerikanyň aňtaw gullugynyň bar bolan aragatnaşyk serişdeleri arkaly, bütin dünýädäki döwletleriň raýatlarynyň arasynda ediläýn aragatnaşygyň umumy gözegçiligine degişli.

Hususan-da MHG-nyň dürli döwletleriň 35 sany ýokary derejeli resmisiniň, şol sanda Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň telefon gepleşiklerini diňländigi ýüze çykdy. Pentagonyň gizlin hasabatyna görä, Snowden 1,7 million gizlin dokumenti ogurlady.

Snowden 2013-nji ýylda içalyçylykda we döwlet emlägini ogurlamakda aýyplandy. Ol ABŞ-dan gaçyp, ilki Hoňkoňa, soňra Orsýete bardy we Şeremetýewo howa menziliniň üstaşyr zolagynda bir aýdan gowrak ýaşamaly boldy. 2013-nji ýylyň 1-nji awgustynda Snowden Russiýa Federasiýasynda wagtlaýyn gaçybatalga aldy, bir ýyl soň bolsa wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsat aldy.

Kuçerena şonda Snowdeniň Russiýada galmagy planlaşdyrmaýandygyny we kanuny we bitarap sud seljermeleri kepillendirilen halatynda watanyna dolanmak isleýändigini aýtdy.

Snowden 2015-nji ýylda bir wagtlar ABŞ howpsuzlyk işgäri bolup işlän ýerinden, Şweýsariýadan syýasy gaçybatalga sorady.

XS
SM
MD
LG