Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň sammiti COVID-19 sebäpli yza we Aşgabada geçirildi


Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Astanada geçen sammitine prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmady.  15-nji mart, 2018.
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Astanada geçen sammitine prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmady.  15-nji mart, 2018.

Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow şu ýyl Merkezi Aziýa respublikalarynyň prezidentleriniň Gyrgyzystanda geçirilmegi planlaşdyrylan üçünji duşuşygynyň koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýyla, yza süýşürilendigini aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Türkmenistan biraz öň geljek ýyldaky duşuşygyň özünde geçirilemgini teklip etdi. Kamilow Aşgabatda geçiriljek sammitden soňky duşuşygyň Bişkekde geçirilip bilinjekdigini aýtdy.

Habar gullugy Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň maslahat görnüşindäki duşuşyklaryny geçirmek pikiriniň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan 2017-nji ýylda, onuň Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde eden çykyşynda öňe sürlendigini ýatladýar.

Bu sammitiň ilkinjisi 2018-nji ýylda Gazagystanda, ikinjisi - 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Özbegistanda geçirildi.

Ýatlatsak, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Astanada geçen sammitine prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz ogly Serdary iberdi.

XS
SM
MD
LG