Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Habib Nurmagomedow UFC 254-de ýeňiş gazanyp, karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi


Habib Nurmagomedow. Arhiw suraty

Ýeňil agramly pälwanlaryň arasynda ady rowaýata öwrülen Habib Nurmagomedow 24-nji oktýabrda Abu-Dabide geçirilen UFC 253 bäsleşiginde esasy tutluşygyň ikinji tapgyrynda garşydaşy Jastin Gaetjini huşsuz ýagdaýa salyp, ýeňilmedik pälwan rekordyna we garyşyk söweş sungatynyň taryhynda iň gowy ussatlaryň biri durumyna eýe boldy.

Dagystanly pälwan, UFC ýeňil agramly derejesini gazanmak üçin amerikaly Gaethjini ýeňenden soň, sekizburçlygyň ortasynda dyzyna çöküp, ellerini ýüzüne tutup aglady. Soň ol ýerinden turdy-da, elliklerini çykaryp: "Bu meniň UFC-de iň soňky söweşimbolar" diýdi.

Bu 32 ýaşly pälwanyň kakasy we baş tälimçisi Abdulmanap şu ýylyň iýul aýynda COVID-19 täsirleri sebäpli aradan çykaly bäri gatnaşan ilkinji söweşi boldy.

Nurmagomedow Gaetje bilen tutluşygy kabul etmek kararyna gelmezden ozal ejesi bilen üç gün gürleşendigini, ejesine munuň soňky söweşim bolar diýendigini gürrüň berdi.

"Ol meniň kakamsyz söweşe gitmegimi islänok, ýöne men munuň iň soňky söweş boljakdygyny aýdyp, söz berdim, söz beren sözünde durmaly” diýip, ol aýtdy.

"Men bu gün bu meniň soňky söweşim diýesim gelýär" diýip, Nurmagomedow elliklerini sekizburçlygyň ortasyna goýup aýtdy. "Bu kakamyň arzuwydy. Başga näme?" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

29-0 rekordy bilen Nurmagomedow, garyşyk söweş sungaty boýunça başa-baş tutluşykda ähli döwürleriň iň gowy söweşijisi hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG